Golaýda «Türkmendemirýoltaslama» taslama düzüş-agtaryş institutynyň mejlisler jaýynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Sport – ýaşlaryň gujurly güýji» atly sportuň küşt, şaşka görnüşi boýunça sport bäsleşigi guramaçylykly geçirildi. Gyzykly geçen bäsleşikde ýaşlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny, ugurtapyjylyklaryny görkezdiler, şeýle hem ýurdumyzda ýaş nesillere döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Ybraýym HOJABERDIÝEW,
«Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky
ilkinji Ýaşlar guramasynyň sanly ulgam boýunça hünarmeni.