Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde taýýarlamagynda «Durmuşyň gymmaty – saglyk» atly gepleşigiň täze sany ýazgy edildi. Gepleşigiň bu sany öňki sanlaryndan tapawutly bolup, onda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat bäsleşiginde ýeňiji bolan çagalaryň we mugallymlaryň, emin agzalarynyň ýürek buýsançlary halk köpçüligine ýetirildi. Gepleşikde edilen çykyşlarda şeýle bäsleşikleri geçirmegiň ähmiýeti, her bir suratda çagalaryň içki dünýäsiniň, ýürek arzuwlarynyň beýan edilendigi, oňa gaznanyň hasabyndan bejergi alyp, saglygyny dikelden çagajyklaryň gatnaşmagynyň aýratyn bellärliklidigi barada buýsançly bellediler. Şeýle ähmiýetli bäsleşikleriň ýurdumyzda ýygy-ýygydan guralmagynyň, çagajyklara gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagynyň, olaryň saýlap alan hünärlerine bolan söýgüsini has-da artdyrýandygy barada beýan edilip, ýaşlaryň bagtyýar, bolelin, sagdyn durmuşda ýaşamagy, ähli taraplaýyn ukyply, sagdyn bedende sagdyn pikirli, giň gözýetimli bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçiligi döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdyldy.
AJAP BAÝGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we
köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.