BAZAR YKDYSADYÝETINIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI

     Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde, ýurdumyz ýokary ösüşlere eýe bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar babatda uly üstünlikler gazanylýar. Hususy pudagyň orny barha artyp, beýleki pudaklar bilen bir hatarda, döwrebap derejede ösdürilýär. Ýurdumyzyň abraýy dünýä giňişliginde barha belende galýar. Belent sepgitleriň sakasynda bolsa, Gahryman Prezidentimiziň bimöçber aladalary dur. Munuň özi, ýurdumyzda zähmet çekýän her bir adamyň kalbynda söýgi döredýär.

     Bu günki gün hususy telekeçilik ösüş ýolunda öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna barha itergi berýär.

     Ykdysadyýeti ösdürmegiñ döwlet maksatnamasy hojalygy ýöretmegiñ  dünýäde ykrar edilýän usullaryndan ugur alýar we bazar ykdysadyýetiniñ ýörelgelerini  giñden ornaşdyrmak üçin zerur şertleri döredýär. Dünýä derejesinde bolup geçýän ykdysady hadysalaryñ we täsirleriň döwletleriñ milli ykdysadyýetine edýän täsiri ylymda we tejribede subut edilen hakykatdyr. Bazar ykdysadyýetine geçmegiñ bir ugry hökmünde hususy telekeçilik aýratyn orunda durýar. Ykdysadyýetiñ ählumumylaşýan şertlerinde dünýä hojalygyna birikmek, halkara zähmet bölünişiginde öz mynasyp ornuñy tapmak ösüş ýoluny saýlan türkmen ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýetlidir.

     Häzirki wagtda ýurdumyzda her ýyl dünýäniň köp sanly döwletleriniň telekeçileriniň gatnaşmagynda halkara sergiler we maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Munuň özi, bazar ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlarynyň dünýä tejribelerini öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir.

         Telekeçilik ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýjidir. Hususy pudagy netijeli hem-de depginli ösdürmek üçin amatly hukuk, syýasy, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredilýär. Salgyt ulgamynda, eksport-import amallaryny geçirmekde, ýeňillikli karzlary bermekde hem-de söwda amallaryny resmileşdirmekde amatly şertler yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu çäreler «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 – 2024-nji  ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde ýerine ýetirilýär. Şunlukda, telekeçiligiñ milli kanunçylyk binýady emele gelip, söwda işiniň hukuk esaslary dünýä ülñülerine laýyklykda ösdürilýär.

         Telekeçiler ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň pugtalanmagyna ýardam  berýärler. Dünýäde Türkmenistany eksport ugurly kuwwatly döwlete öwürmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Içerki we daşarky bazarlara ýetirýän giň görnüşli täze önümleri bilen, sarp edijileri begendirýärler. Ýokary hilli önümler kuwwatly ykdysadyýetimiziň eksport görkezijileriniň yzygiderli artmagynda berk esaslar bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagy aýratyn üns merkezinde durýar. Häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen düzüm kemala gelýär. Hususy ulgamy ösdürmek we bazar ykdysady şertlere geçmek barada öňde durýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň barşynda zerur bolan öňdebaryjy usullar giňden ornaşdyrylýar. Şeýle ösüşli, özgerişli pudagyň ösdürilmeginde ýaşlaryň mynasyp orny bardyr.  Çünki bu pudakda zähmet çekýän adamlaryň aglabasynyň ýaşlardygy has-da buýsandyrýar.

     Ýaş telekeçileriň mynasyp nesliniň kemala gelmeginde bimöçber aladalary edýän, telekeçiligi goldap, onuň ýokary depginlerde barha ösmegine giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

 

Maýa ÇOWDUROWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY