TÄSIN PAÝTAGTYŇ TÄSIN MUZEÝLERI

    Dünýäde iň uzyn at hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Bangkok – Taýlandyň paýtagtydyr. Aslynda “Bangkok” sözi  - “bang”  (“oba”) we “kok” (“zeýtun agajy”)  sözlerinden emele gelipdir. Ýerli halk ony başgaça “Krung Thep” diýip hem atlandyrýar. Bu söz “Perişdeler şäheri” manysyny berýär.  Bangkok ýurduň iň iri şäheridir we işewürlik merkezidir.  Ýurtda syýahatçylyga aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda, bu ýerde adatça syýahatçylaryň esasy üns merkezinde durýan taryhy gymmatlyklar, medeni däp-dessurlary aýdyň beýan edýän binagärlik ýadygärlikleri, muzeýler, ybadathanalar has-da köpdür. Ýurduň paýtagtyny muzeýleriň mekany hem diýseň boljak. Bu ýerde muzeýler aglabadyr. Biz bu gezek muzeýler hakynda gürrüň ederis.

Milli muzeý

    Muzeý Günorta-Gündogar Aziýada kolleksiýalarynyň sany we hili boýunça ilkinji orunda durýar. Şeýle hem, Taýlanddaky ilkinji muzeýdir. Bu ýeriň täsinligi, uzak döwürlerden bäri saklanyp galan medeni we taryhy gymmatlyklar dürli eksponatlarda öz beýanyny tapýar we şol bir wagtyň özünde, henizem durkuny ýitirmezden saklanýar. Bu ýer jahankeşdeleriň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Çünki jahankeşdelere birnäçe binalardan durýan bu muzeýe barmak bilen, taý medeniýeti we taryhy bilen içgin tanyşmaga ähli mümkinçilikler bar.

Bank muzeyi

    Bu ýerde adyndan hem belli bolşy ýaly, ykdysady gymmatlyklar, monetler (şaýy pullar) we banknotlar (kagyz pullar) saklanýar we goralýar. Paýtagtyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän muzeý 1993-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda resmi ýagdaýda açylýar. Muzeý ýurduň ykdysady gymmatlyklarynyň taryhyny we onuň ýurtdaky ornuny, ähmiýetini aýdyň beýan edýär. Bu babatda ýörite ekspozisiýalaryň aglabasyna uly orun degişlidir.

Madam Týusso muzeýi

    Adatça tanymal şahsyýetleriň ajaýyp keşpleri jemlenen bu muzeý paýtagtyň esasy merkezinde ýerleşýär. Jahankeşdeler özleriniň söýgüli ýyldyzlaryny, dürli ugurlarda, sportda, sungatda, edebiýatda, fizikada, himiýada ussatlyga ýeten ylym ussatlarynyň nusgalyk keşplerini synlap bilýärler. Muzeýiň özüne çekijiligi hem şunda. Ol ynsanlara ruhy lezzet berýär we bir salymlyk adaty däl dürli öwüşgünli dünýä bilen galmaga mümkinçilik berýär.

 

Gözel KUŞMEKOWA,

TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY