ÝAŞ NESILLERDE TEBIGATA SÖÝGI DÖRETMEK

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin uly işler edilýär. Ýaş nesilleriň sagdyn ösmegine saldamly goşant goşmagyň hatyrasyna bilim ulgamyny kämilleşdirmäge töwerekleýin çemeleşilýär. Daşky gurşaw bilen baglanyşykly ilkinji terbiýe çagalar baglaryndan başlanýar. Sebäbi ýaş çaganyň aňy arassa kagyz ýaly bolýar. Özem çagalar örän ýatkeş bolup, öwredilen zatlary tiz özleşdirmegi başarýarlar. Şol sebäpli çagalara milli mirasymyzyň tebigat barada öwrenmesi ýeňil bolan goşgularydyr, folklor žanrlaryny öwretmeli. Ylaýta-da, häzirki döwürde ösen tehnologiýalaryň, multimediýa enjamlarynyň kömegi bilen ýaşlara düşündirmeli.

     Ýaş nesilleriň her dürli ajaýyp owadan ýerleriň, daglaryň, çölleriň, tokaýlaryň, şaglawuklaryň, haýwanlaryň, ösümlikleriň, guşlaryň suratlaryny görkezmeli. Bu, birinjiden, çagalary häzirki döwre görä terbiýelemek bolsa, ikinjiden, olaryň daş-töwerek bilen tiz öwrenişmegidir. Çagalar baglarynda şular öwredilse, olar mekdebe baranlarynda, kynçylyk çekmezler. Şeýlelik bilen, bu sapaklary çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä çuňlaşdyrybermeli. Çünki ynsan öz ýaşaýşy üçin zerur bolan zatlaryň hemmesini tebigatdan alýar. Tebigat özüniň bar baýlygyny – ýeri, suwy, howany, çig maly, gutarýan hem gutarmaýan, öwezini dolup bolýan hem öwezini dolup bolmaýan baýlyklary adamzat üçin eçilendir.

     Durmuşyň manysyna ýaňy düşünip ugran ýüzlerçe çagalar üçin mugallym ynsan ähliniň nusgasydyr, göreldesidir. Onuň her bir sözi, her bir hereketi mikroskopda görülýän ýaly, ýüzlerçe çaga gözlerinden geçip dur. Mugallymyň çagalara berýän pentleri ýöne gury sözler bolman, eýsem onuň ähli edim- gylymlarynda, onuň şahsy mysalynda öz beýanyny tapmalydyr. Onuň häsiýetiniň iň ajaýyp taraplary çagalar üçin nusga bolmalydyr. Pähimleriň birinde şeýle diýilýär: «Iň hormatly kärleriň biri adamlara ylym bermekdir. Beýik şahyrlaryň hem ilkinji mugallymlary bardyr. Diýmek, olaryň şeýle derejä ýetmeginiň esasyny goýan onuň ylym atasydyr».

 

Oguljahan BABAÝEWA,

TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň

 S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY