ÝAŞYL TUGUM – BELENT RUHUM

Baýdak – türkmeniň mertebesine deňelen gymmatlykdyr. Mukaddeslik  derejesine  ýetirilen  tugumyz  goja  taryhymyzyň dowamynda hemişe türkmeniň  buýsanjyna öwrilip, ol özbaşdaklygy aňladýar.

Her bir döwletiň milli baýdagy döredilende, saýlanyp alnan we ýerleşdirilen şekillerdir reňkler şol halkyň milli özbaşdaklygyny, aňyýetini, däp-dessuryny aňladýar. Şeýle bolansoň taryhda gurlan türkmen döwletleriniň baýdaklarynda ata-babalarymyzyň dini-ynanjyny, milli häsiýetini aňladýan birnäçe nyşanlar öz ornuny tapypdyr we bu nyşanlar häzirki günde-de öz ähmiýetini ýitirmeýär.

“Baýdak” sözi Mahmut Kaşgarlynyň “Diwan lugat et türk” atly eserinde “Batrak” ady bilen ýatlanyp, bu söz “söweşlerde ujuna bir bölek ýüpek mata dakylan naýza” manysyny aňladýar.

Mukaddeslikler hakynda söz açmak juda ýakymly hem bolsa, aňsat däl. Ynsan ruhy bu gymmatlyklaryň mertebesini, ähmiýetini anyk duýýar, emma duýgulary doly we kämil teswirläp bilýän söz ýa-da sözlem azlyk edýär. Şonuň üçin hem, duýgy bilen bagly zatlara anyk kesgitleme berilmeýär. Olar hakda ýazylan waspnamalar, tarypnamalar her näçe şirin we çeper beýan edilenligine garamazdan, bärden gaýdýar.

Baýdak – milli gymmatlyk. Sarpasy ýürekde, özi serden belentde göterilýän mukaddeslik. Adamzat ýaşaýşyny teswirleýän taryhyň ilki ýyllaryndan başlap, tä şu güne çenli ähli ýazgysynda baýdak hakda, onuň ruhy gymmaty, täsiri dogrusynda köp zatlar aýdylýar. Onuň mukaddesligi, baýdagyň, tuguň her bir adam, halk, döwlet üçin näderejede gymmatlygy hakda täsin ýazgylara gabat gelip bolýar. Taryhymyzda baýdak hakda ençeme zatlar ýazylan. Harby we adaty ýagdaýlarda ol “Tug”, ”Baýdak”, ”Sanjak” diýlip atlandyrylypdyr.

Taryhda türkmen halky näçe döwlet guran hem bolsa, şonça-da baýdak göteripdir. Meşhur taryhçylarymyz, türkmen soltanlarynyň kätipleri bu gymmatlyk hakda şeýle diýýärler: “Her döwletiň ykrar edilen bir baýdagy bardyr. Halkyň ýada  goşunyň haýsy häkimiýete degişlidigini baýdagyndan kesgitläp bolýar. Baýdagyň dowamaty döwletiň dowamlylygy bilen deňdir”.

Dünýä taryhynda ençeme döwlet guran eždatlarymyz her döwletiň ruhuny şatlandyrýan baýdaklary, tugralary, sanjaklary hem döredipdirler. Gadymy Oguz däplerinden gözbaş alyp gaýdýan bu baýdaklar taryhyň dürli döwürlerinde dürli reňke eýe bolupdyrlar. Olar esasan, gök, gyzyl, ýaşyl we ak reňklerdir. Ak reňk esasan Hunlaryň döwründe ulanylyp, ol belent derejäniň bir nyşany bolup, Oguz kowumlarynda giňden ulanylypdyr. Gyzyl reňk hökümdarlygyň, bolçulygyň, topragyň berekediniň nyşany bolupdyr. Garahanly hökümdarlar gyzyl reňke aýratyn ähmiýet beripdirler. Ýaşyl reňk ýaşaýşyň, parahatçylygyň, asudalygyň nyşany hasaplanylypdyr.

Nesilbaşymyz Oguzhan baýdagyň ägirt uly ruhy baýlyk, ruhy gymmatlykdygyny belläp, onuň ähli türki halklarda diňe bir döwlet ähmiýetli nyşan bolman, eýsem her bir maşgala ojagynyň nyşanydygyny nygtapdyr. Oguz taryhynyň irki döwürlerine degişli bolan edebi eserlerde, “Oguznama”, “Gorkut ata” ýaly ajaýyp eserlerde “Baýdagyň düýbi ýere degýär, başy bolsa gökde pasyrdaýar” diýen jümlelere duş gelmek bolýar. “Oguzhan” dessanyndaky “Gün biziň baýdagymyz, Gök hem biziň çadyrymyz bolsun” diýen setirler baýdagyň Oguz ilindäki wajyp ornuny görkezýär.

Gözüňi dokundyrýan, göwnüňe ganat baglaýan, kalbyňa giňlik, rahatlyk aralaşdyrýan, parahat asmanymyzda asuda pasyrdaýan ýaşyl Tugumyzy göreniňde, türkmeniň bakylygyny, onuň nijeme müňýyllyklarda synmadyk ruhuny duýýarsyň.

 

Taýýarlan: Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag

şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY