Türkmen halysy geçmişiň we geljegiň beýany. Irki döwürlerden bäri halylaryň we haly önümleriniň gölleri, nagyşlary esasan, gyzyl reňkde dokalyp gelinýär. Eger türkmen halylaryna üns berip seretsek, onda gülleri, kölleri, daglary we guşlaryň aýak yzlaryny görýäris. Dünýäni göz öňünde janlandyrýan türkmen halysy iň meşhur geçginli haryt hasaplanylýar. Ol türkmen halky üçin diňe bir adaty senetçilik önümi däldir. Halyda özüniň döreýiş gözbaşyny gaty gadymlardan alp gaýdýan türkmen milletiniň geçmiş taryhynyň syrly ýazgylary bar. Halynyň her göli, her çitimi, her şekili tutyşlygyna alanyňda, gyz-gelinlerimiziň elinden çykýan ajaýyp eserdir. Häzir dünýäniň iň gadymy hem naýbaşy muzeýlerinde türkmen halysynyň asyl nusgalarynyň saklanylmagy oňa ýer ýüzündäki ykrarnamanyň hem-de egsilmeýän gadyr-gymmatyň alamatydyr. Ylaýta-da, Ýewropa ýurtlarynda öňden belli bolşy ýaly, häzir hem ajaýyp türkmen halylaryna isleg uly.
Dünýä ösüşine özüniň uly goşandyny goşan türkmen halkynyň haly sungaty barha rowaçlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çeper elli halyçylarymyzyň has önjeýli hem-de rahat işlemekleri üçin gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap kärhanalar munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen halysy öz topragymyzda bitýän ösümliklerden, güllerden we miwelerden alynýan tebigy boýag bilen boýalýar. Onuň ýüzündäki keşdelenen nagyşlar bolsa gülleriň, haýwanlaryň, çaýlaryň, derýalaryň, günüň, aýyň we ýyldyzlaryň şekilleriniň üsti bilen tebigaty şöhlelendirýär.
Çak edilişine görä, ilkibaşda haly yssy howada we gurak çöllük we daglyk ýerlerde çarwa öýlerini örtmek we düşemek üçin döredilen bolmaly. Haly dokalan wagtynda güýç-gaýrat gaýgyrylmaýar. Haly dokamak sungaty iň ýokary ruhy gymmatlyga deňelýär. Taryhy yzarlap görseň, türkmeniň halyçylyk senediniň nesilbaşymyz Oguzhan atamyzdan gaýdýandygyna göz ýetirmek bolýar. Muňa onuň tugrasyndaky haly şekilleri anyk mysaldyr.
Keremli topragymyzda döreýän şeýle ajaýyp halylaryň köp bolmagyny, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň öz hünärleri bilen mundan beýläk-de abraý gazanmaklaryny arzuw edýäris !
Türkmen haly sungatyny dünýä ýaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Sülgün PIRIÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.