SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

     Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda Gökderedäki «Şöhle» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda sportuň küşt, şaşka we beýleki birnäçe görnüşleri boýunça hem-de surat çekmek boýunça bäsleşikler geçirildi. Uly şowhuna beslenip geçirilen bäsleşiklere çagalar höwes bilen gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnygyny, ugurtapyjylygyny görkezdiler. Bäsleşige gatnaşan we ýeňiji bolan körpejelere guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bagtyýar körpe nesiller özleri üçin döredilip berilýän şeýle mümkinçilikler, şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.

 

Nurjemal NEPESOWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky

ilkinji Ýaşlar Guramasynyň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Iýul 2025 | 8 okalan

ÝAŞLAR HÜNÄR SAÝLAÝAR

26 Iýul 2025 | 7 okalan

OKUW TEJRIBELIGI DOWAM EDÝÄR

25 Iýul 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI GEÇEN GEZELENÇ