Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik akyldaryň döredijiligine goýýan belent sarpasyny, şahyryň edebi mirasyny ebedileşdirmek babatda alyp barýan nusgalyk işlerini halkara derejesinde giňden dabaralandyrmak, diňe bir milli derejede bolman, eýsem dünýä ýurtlarynyň ýaşlarynyň hem dana şahyryň edebi mirasa öwrülen baý döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmaklaryny, çuňňur öwrenmeklerini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda geçirilen «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorinanyň ýeňijileri sylaglandy.
Ýeňijileri sylaglamak dabarasy ylymlar güni mynasybetli her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň çäklerinde geçirildi.
Bäsleşigiň ýeňijileri:
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 5-nji ýyl talyby Serdar Rahymow;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby Batyrmuhammet Orazow;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby Şyhdurdy Şyhyýew;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby Mätgurban Matkurbanow;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 5-nji ýyl talyby Dünýägözel Çaryýewa;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby Jahantäç Öwezowa;
- Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 3-nji ýyl harby talyby Maksat Amanmyradow;
- Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň 2-nji ýyl harby talyby Maksatmyrat Rahmanberdiýew;
- Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Merdan Derýanurow;
- Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Didar Ataýew;
- Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Hallynyýaz Babaýew;
- Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Nurmuhammet Maksadow;
- Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Arazgeldi Baýryýew;
- Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Sahawat Garryjaýew;
- Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby Selbi Inergeldiýewa;
- Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 4-nji ýyl talyby Döwletmyrat Tejenow;
- S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Yslam Meredow;
- S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Kadyr Batyrow;
- Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Maýsa Hudaýnazarowa;
- Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Meňli Tuwakowa;
- Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew;
- Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Maral Allaberdyýewa;
- Türkmenistanyň Serhet institutynyň 3-nji ýyl harby talyby Hanahmet Annaberdiýew;
- Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby Suraý Musaýewa;
- Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 4-nji ýyl talyby Çeper Nazargylyjowa;
- Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby Enegül Begenjowa;
- Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Setdar Setdarow;
- Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Zyba Karryýewa;
- Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Gadyr Orazberdiýew;
- N.I.Lobaçewskiý adyndaky Nižnyý Nowgorod döwlet uniwersitetiniň Arzamas şahamçasynyň 4-nji ýyl talyby Azat Myradow;
- N.I.Lobaçewskiý adyndaky Nižnyý Nowgorod döwlet uniwersitetiniň Arzamas şahamçasynyň 1-nji ýyl talyby Göwher Babaýewa;
- N.I.Lobaçewskiý adyndaky Nižnyý Nowgorod döwlet uniwersitetiniň Arzamas şahamçasynyň 1-nji ýyl talyby Akmuhammet Gurbanmuhammedow;
- N.I.Lobaçewskiý adyndaky Nižnyý Nowgorod döwlet uniwersitetiniň Arzamas şahamçasynyň 1-nji ýyl talyby Eldar Çalaýew;
- Kazan Federal uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Gülşirin Taýlyýewa;
- Kazan Federal uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Roza Begaliýewa.