Golaýda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň merkezi kitaphanasy bilen bilelikde, tomusky dynç alşa çykan okuwçy ýaşlaryň dynç alyş pursatlaryny mazmunly geçirmek, ýaşlaryň kitap okamaklyga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Oňa etrabyň merkezi kitaphanasyna gatnaýan ýaş okyjylaryň uly topary gatnaşdy. Kitaphananyň okalga jaýynda geçirilen söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň belende göterilen hormat-sarpasy, şahyryň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak ugrundaky tagallalary hem-de beýik akyldaryň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynyň labyzly okalmagy we onuň terbiýeçilik ähmiýeti barada durlup geçilmegi söhbetdeşligiň täsirliligini artdyrdy. Bu çäräniň dowamynda ýaşlar özleriniň döwrümiziň waspyny ýetirýän goşgularyny hem ýatdan aýtdylar.
Söhbetdeşlige gatnaşyjylar ösüşli-özgerişli beýik döwrümizde milli mirasymyza aýratyn sarpa goýup, asylly ýörelgelerimiziň dowam etdirilmegi ugrundaky taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Hudaýnazar MEREDOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.