MILLI EL IŞLERINIŇ SERGISI GURALDY

       Göreniňde gözüňi gamaşdyrýan gözellikleriň ençemesi mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden, yhlasly zähmetinden kemala gelýär. Zenanlar gözüniň gören, göwnüniň söýen gözelligini öz el işlerine geçirýärler. Milli lybaslarymyzyň, çabytlarymyzyň keşdeler bilen sünnälenip, nagyşlanylyşyny synlanyňda, ene-mamalarymyzyň «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýlen sözüň asyl manysyna düşünmek bolýar. Türkmen zenanlaryna bolan näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly ajaýyp häsiýetleriň ählisi bu sungatda jemlenendir.

       Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrabyň medeniýet merkezinde milli gymmatlyklarymyzyň aýratyn sarpalanylýan döwründe çeperçilik senedimizi wasp etmek, ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimizi ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, «Milli miras – sungatyň özenidir» ady bilen, el işleriniň sergisini geçirdi. Onda ajaýyp milli el işlerimiziň onlarça görnüşleri sergilenildi.

       Şeýle çäreler ýaşlaryň arasynda Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan yzygiderli geçirilýär.

 

Kuwwat GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar