Golaýda şeýle at bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda, 2-nji çagalar bakja-bagynda sport ýaryşy geçirildi. Çagalaryň tomus möwsüminde wagtlarynyň manyly we gyzykly geçmegini, olaryň giň dünýägaraýyşly, ösen aň-düşünjeli bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen geçirilen ýaryşa mekdebe taýýarlaýyş toparyna gatnaýan çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar «Galkynyş» hem-de «Bagtyýarlyk» toparlaryna bölünip, çagalar hereketli oýunlaryň birnäçe görnüşi boýunça özara güýç synanyşdylar. Bellenilen aralyga toply ylgamak, tanap çekmek, halka bilen päsgelçiliklerden geçmek boýunça bäsleşikler çekeleşikliligi bilen alamatlandy. Çagalar bakja-bagynyň salkyn saýaly hoştap howasy körpelere ruhubelentlik eçilip, üstünlige hyjuw döretdi. Bu bolsa, ýaryşyň turuwbaşdan çekeleşikli geçmegine täsirini ýetirdi.
Ruhubelentlige beslenen ýaryş güýçli topary öňe saýlady. Ýaryşda «Bagtyýarlyk» topary birinji, «Galkynyş» topary ikinji orny eýeledi. Ýeňijilere Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.