Golaýda şeýle at bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, etrabyň «Dostluk» seýilgähinde etrapdaky çagalar bakja-baglarynda terbiýelenýän çagajyklaryň wagtynyň gyzykly we şadyýan geçmegini gazanmak maksady bilen, gezelenç çäresini geçirdi. Bu ýerde çagalar üçin dürli attraksionlar hem işledildi, gyzykly oýunlar guraldy. Olara doňdurma we süýjüler hödür edildi. Şeýle hem, çagalar kitaplaryndan gyzykly ertekiler okaldy. Bu gezelenç çagalara ýatdan çykmajak pursatlary bagyş etdi.
Rahatoý HAÝTMETOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Şabat etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.