TÜRKMEN SPORTY – DÜNÝÄŇ ÝÜZÜNDE

     Golaýda şeýle şygar astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde, etrabyň 1-nji sport mekdebinde sport çäresini geçirdi. Ýaşlaryň arasynda sportuň we bedenterbiýäniň ähmiýetini, ýurdumyzda sportda gazanylýan beýik üstünlikleri wagyz etmek, olary sporta çekmek, berk bedenli, sagdyn nesilleri kemala getirmek maksady bilen, sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça 2010-njy ýylda doglan we olardan kiçi ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda Görogly etrabynyň birinjiligini almak boýunça geçirilen sport çäresi çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Bu sport ýaryşy ýaşajyk türgenleriň arasyndan ussatlaryň birnäçesini ýüze çykardy. Sport ýaryşynyň jemlerine laýyklykda, gyzlaryň arasyndan etrabyň 11-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gülsenem Altyýewa 1-nji orna, etrabyň 43-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gülnäz Orazowa 2-nji orna, oglanlaryň arasyndan etrabyň 43-nji orta mekdebiniň okuwçylary Agamät Öremädow 1-nji orna, etrabyň 43-nji orta mekdebiniň okuwçysy Kurbandurdy Toýlyýew 2-nji orna mynasyp bolup, olar ýaryşyň ýeňijileri diýlip yglan edildiler. Ýaryşyň ýeňijilerine Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de bu Geňeşiň Görogly etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikdäki Hormat hatlary gowşuryldy.

 

Hudaýnazar MEREDOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar