Ägirt uly üstünlik — kuwwatly ösüş
Paýtagtymyzda «Aşgabat 2017» oýunlarynyň jemlenmegi geçen hepdäniň iň wajyp wakasy boldy. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň geçiren duşuşyklarynyň aglabasy bu sport baýramçylygyna gatnaşyjylar we onuň ýapylyş dabarasynyň hormatly myhmanlary boldular. Birnäçe günläp dowam eden sport baýramçylygyna hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda görlen uzak wagtlyk taýýarlyklar özüniň ýokary netijesini berdi. Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat ylalaşdyryjynyň derejesini, medeniýetleriň we halklaryň gatnaşyklarynyň dostanalygynyň merkezi bolmak mertebesini beýgeltdi.
«Aşgabat 2017» oýunlary Türkmenistanda ýokary derejeli sportuň ägirt uly galkynyş bilen dabaralananlygyny dünýä äşgär etdi. Türkmenistanyň ýygyndy topary medallaryň sany boýunça birinji hatary eýeledi. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň beren ak patasyndan ruhlanan türkmen türgenleriniň bu ýeňşi ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
27-nji sentýabrda Olimpiýa şäherçesinde ýerleşen Aşgabat Olimpiýa stadionynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy boldy. Sport baýramçylygynyň resmi ýapylyş dabarasyna Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň «Aşgabat 2017» oýunlaryny ýapyk diýip yglan etmegi bilen Aşgabat Olimpiýa stadionynda AOG-nyň Baýdagy düşürildi, ahalteke bedewiniň ägirt uly şekiliniň ýokarsyndaky çanakda ýanyp duran oýunlaryň alawy öçürildi. Yklym derejeli sport baýramçylygynyň resmi taýdan tamam bolandygyny aňladýan bu alamatdan soň, sahnada türgenleri ýeňişleri bilen gutlaýan çykyşlar ýaýbaňlandy we myhmanlary şatlyk bilen garşylan, ruhubelent ýagdaýy döretmäge ýardam eden Wepaly atly alabaý bilen mähirli hoşlaşyk boldy. Hakyky baýramçylyk ruhy bilen ýaňlanan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary sport baýramçylygynda ruhy taýdan ýakynlaşan myhman türgenleri, resmi myhmanlary, meýletinçileri we bu dabarany golaýdan synlamaga gelen ildeşlerimizi çensiz-çaksyz şatlandyrdy.
Ilkinji gezek Merkezi Aziýada geçirilen «Aşgabat 2017» oýunlaryna Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agza döwletlerinden başga-da Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa Komitetleriniň agza döwletleriniň şeýle hem bosgunlaryň toparynyň gatnaşmagy-da ilkinji gezek boldy. Hormatly Prezidentimiziň bu başlangyjy ýurdumyza ýene bir üstünlik bolup dolanyp geldi. V Aziýa oýunlaryna bosgunlaryň toparynyň gatnaşmagy, şeýle hem BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy.
«Aşgabat 2017» oýunlary tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi. Bu duşuşykda hormatly myhman milli Liderimizi Aşgabatda V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen ýene bir gezek gutlady. AOG-nyň baştutany “Aşgabat 2017” oýunlaryny Türkmenistanyň halkara sport we Olimpiýa hereketine aýratyn goşandy diýip atlandyrmak bolar diýip belledi.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli döwlet Baştutanymyzy Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa Komitetleriniň (ONOC) prezidenti jenap Robin Mitçell gutlady. ONOC-nyň baştutany şunuň ýaly iri ýaryşlara Okeaniýa ýurtlarynyň gatnaşmagyna mümkinçilik döredendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu çözgüdiň oýunlaryň hukuk derejesini we ähmiýetini hil taýdan täze derejä çykarandygyny belledi.
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň tamamlanan gününiň ertesi hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýurdumyzyň toparynyň üstünliklerine aýratyn goşant goşan milli ýygyndymyzyň agzalaryny — türkmen tälimçilerini we türgenlerini “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” hem-de “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly atlar — ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglady. Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolanlaryň hatarynda Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan we Ýaponiýadan belli tälimçiler bolup, olar biziň türgenlerimiziň konkur, agyr atletika, kuraş, futzal boýunça iň gowy görkezijileri gazanmagyna uly goşant goşdular. «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşyp, kümüş, bürünç medallara eýe bolan türgenlere sylaglary gowşurmak dabarasy hem boldy.
Ýurdumyzyň sport jemgyýetçiligi milli Liderimize welosiped sowgat etdi. Gahryman Arkadagymyz ony minnetdarlyk bilen kabul edip, sowgady Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine berýändigini aýtdy. Indi bu gymmatlyk, metaldan — karbondan we bambuk agajyndan taýýarlanan hem-de altyn çaýylan welosiped milli sport bölüminde saklanýar.
Hormatly Prezidentimiziň ylhamly döwlet galamyndan dörän nobatdaky kitabynyň sporta hem sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlanmagy tebigy boldy. Geçen hepdäniň penşenbe güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatşynaslar, sport jemgyýetçiligi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary derejede çap edilen kitapda Türkmenistanda sporty ösdürmegiň aýdyň maksatlary hakyndaky strategik pikirler öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiz V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençe hem-de BMG-niň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) baştutany wezipesine täze bellenilen Natalýa German bilen duşuşdy. Olar BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň mähirli salamyny we parahatçylygyň hem-de abadançylygyň hatyrasyna alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýlägem pugtalandyrmagyň ähmiýeti hakynda pikir alyşdylar.
Geçen hepdäniň başynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljegine we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine seredildi. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň hem-de golf meýdançasynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri hakynda hem habar berildi.
26-njy sentýabrda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna garaldy. Bellenilişi ýaly, esasy maliýe resminamasynyň döwlet Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasynda, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», şeýle hem beýleki maksatnamalarda kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipeler nazara alnyp düzüldi. Geljek ýylda ýurdumyzda ylmy-tehnologik ösüşlere has-da ýokary badalga bermek göz öňünde tutulýar.
29-njy sentýabrda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti «Aşgabat 2017» taslamasynyň ýokary netijeli bolandygyny nygtamak bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýatyrylýandygyny yglan edip, onuň maliýe we beýleki meselelerini kadalaşdyrmak hem-de işgärlerini işe ýerleşdirmek bilen bagly meseleleri bir aýyň dowamynda çözmek barada görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiziň «Aşgabat 2017» oýunlaryny geçirmek maksady bilen gurulan Olimpiýa şäherçesinde Milli sport we syýahatçylyk instituty üçin okuw türgenleşik binýadyny döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň isleg bildiren raýatlary üçin türgenleşmäge mümkinçilikleriň berilmegi hakyndaky teklipleri ildeşlerimizi çäksiz begendirdi.
Mundan başga-da ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine daşary ýurt raýatlarynyň birnäçesini talyplyga kabul etmek bilen bagly meselelere garaldy.
Geçen hepdede badalga alan Aşgabat — Ýerewan — Aşgabat halkara ugry boýunça howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy hem ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky üstünlikleriniň biri boldy.
“Nesil” gazeti,
03.10.2017ý.












