TARYHY-MEDENI GYMMATLYKLARYŇ GORAGLYLYGY UGRUNDA

     Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilip, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň alyp barýan hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan bu guramanyň agzalygyna kabul edilen gününden bäri onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeldýär. Halkymyzyň taryhy we medeni gymmatlyklary bu günki gün dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde biziň döwletimiz boýunça Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, Köneürgenç şäheri, Köne we Täze Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Şeýle-de «Görogly dessançylyk sungaty», Türkmenistan tarapyndan birnäçe Gündogar döwletleri bilen bilelikde hödürlenen «Nowruz baýramy», «Küştdepdi aýdym we tans dessury», «Türkmen milli halyçylyk sungaty», «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi», ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy we umumadamzat gymmatlyklary hökmünde ykrar edildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny giňeltmekde bitirýän hyzmatlarynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tejribe alyşmak, ýurdumyzyň ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny hem-de zehinini ýüze çykarmak, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, işewürlik hem-de döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek maksady bilen, işjeň halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Döwletimiz tarapyndan döredilýän amatly şertler netijesinde, ýaşlar daşary ýurtlaryň okuw merkezlerinde ýokary bilim alýarlar, halkara aň-paýhas, döredijilik we sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Bu gurama tutuş adamzat tarapyndan goralyp, geljekki nesillere ýetirmäge degişli hasaplanýan maddy we maddy däl medeni gymmatlyklary gorap saklamakda, dikeltmekde we wagyz etmekde bütindünýä ähmiýetli işleri alyp barýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň esasy maksady oňa goşulan täsin maddy ýa-da maddy däl medeni mirasy, tebigy ýadygärligi goramakdan, çuňňur öwrenmekden we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri hem onuň iň işjeň agzalarynyň biri bolup durýar.

     Garaşsyz, Bitarap döwletimizi gülledip ösdürmek, Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmek, dünýä halklarynyň arasynda dostluk ýörelgelerini pugtalandyrmak ugrunda beýik başlangyçlary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Şöhrat KADYROW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň  Hojambaz etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar