Beýik özgertmeler bilen gün-günden ösüşlere beslenýän Türkmenistan Diýarymyz parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamak syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär hem-de häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň çözülmeginde öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen dünýä jemgyýetçiliginde wajyp orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzda dünýäniň birnäçe halkara guramalary bilen netijeli we işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üstünlikli ýola goýulýar. Dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň giňelmeginde abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça ýörite edarasy bolan ÝUNESKO bilen özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn ornuň degişlidigi bellärliklidir.
Türkmenistan döwletimiz dünýä ähmiýetli ýadygärliklerini, medeniýetini we ylym-bilim ulgamyndaky gazananlaryny halkara derejesine çykarmak bilen eýýäm 30 ýyldan gowrak wagt bäri ÝUNESKO bilen halkara ähmiýetli netijeli gatnaşyklary dowam etdirip gelýär. Dünýä döwletleriň çägindäki taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleri gorap saklamakda, gaýtadan dikeltmekde we ýitip gitmek howpunyň öňüni almakda ÝUNESKO tarapyndan birnäçe işjeň çäreler durmuşa geçirilýär. Diňe bir medeni, taryhy, tebigy, maddy we maddy däl ýadygärlikleri, medeni ojaklary gorap saklamak bilen çäklenilmän, eýsem, ÝUNESKO tarapyndan degişlilikde ylym, bilim ulgamynda birnäçe wajyp taslamalar we maksatnamalar hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýä döwletleri, halkara guramalary, aýratyn-da, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde uly ähmiýet berilýär. ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň 30 ýylynyň içinde ýokary derejeli işler alnyp baryldy. Şu geçen taryhy döwürde Türkmenistan ÝUNESKO-nyň möhüm konwensiýalarynyň birnäçesiniň agzasy boldy we şol degişli konwensiýalaryň çäginde birnäçe möhüm işler yzygiderli durmuşa geçirilip gelinýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň çägindäki irki asyrlara degişli bolan taryhy ojaklary bu guramanyň abraýly sanawyna goşmak işlerine giň ähmiýet berilýär. Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň agzybir işgärleri bolup ýurdumyzda etrabyň edara-kärhanalarynda ýygy-ýygydan bolup, bu ugurda durmuşa geçirilýän işleri ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edýäris. «Türkmenistan—ÝUNESKO:ýaşlaryň bähbidine hyzmatdaşlyk» diýen at bilen guralýan duşuşyklarda milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi dogrusyndaky täsirli çykyşlara giň orun berilýär.
Rahmet BEŞIMOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça hünärmeni.