ÇÄJIŇE BEREKET, EDERMEN GALLAÇY!

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap häkimligi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, “Çäjiňe bereket, edermen gallaçy!” ady bilen aýdym-sazly medeni-dynç alyş dabarasyny geçirdi. Günortan çagy, arakesme wagty geçirilen çärä kuwwatly kombaýnlaryň mehanizatorlary, gallaçy kärendeçiler, ýygnalan hasyly kabul ediş nokatlaryna daşaýjy awtoulag sürüjileri gatnaşdylar. Meýdan düşelgesindäki ýaýbaňlandyrylan dabarany etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazlary, tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary bezedi. Bu sungat çykyşlarynda bagtyýar döwrümiziň, güneşli Diýarymyzyň, päk zähmetiň wasp edilmegi gallaçylaryň işe höwesini has-da artdyryp, göwünlerine ganat berdi. Dabaranyň dowamynda möwsümiň öňdebaryjylarynyň birnäçesine etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýörite sowgatlary gowşuryldy.

     Gallaçylaryň arasynda guralýan şeýle medeni-dynç alyş dabaralary we höweslendiriş işleri jogapkärli orak möwsüminiň depginine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

 

Kamolbek SOBIROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar