Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi welaýat medeniýet müdirligi, «Daşoguz habarlary» gazeti, welaýat kitaphanasy hem-de welaýat teleradio studiýasy bilen bilelikde, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, ýaş şahyrlaryň, žurnalistleriň gatnaşmagynda “Ylham joşguny” atly mediaforum geçirdi. Daşoguz welaýat kitaphanasynda geçirilen mediaforumyň ýokary guramaçylygy üpjün edildi. Onda çykyş edenler türkmen edebiýatynyň ösüş taryhynda esasy ornuň Magtymguly Pyraga degişlidigi, parasatly şahyryň türkmen edebiýatyny mazmun taýdan baýlaşdyran, halkylygy, milliligi ösdürip, durmuş bilen baglanyşdyran beýik söz ussadydygy, Pyragynyň sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde adynyň arşa galan beýik akyldar şahyrdygy, şahyryň belent adamkärçilik baradaky garaýyşlarynyň, çuň manyly öwüt-ündewleriniň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze hyruç, täze ylham bilen gurşalan bagtyýar türkmen halkynyň kalbynda ruhubelentlik, çäksiz joşgun döredýändigi barada giňişleýin we buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de, döredijiligiň ýaş wekilleri Magtymguly Pyragy hakynda hem-de erkin temadan ýazan goşgularyny okap berdiler.
Şonuň ýaly-da, forumyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň, Magtymguly Pyragynyň dürli ýyllarda we dürli dillerde çap edilen kitaplarynyň, akyldar şahyr barada ýazylan kitaplaryň sergisi guraldy.
Mediaforuma gatnaşanlar dana akyldaryň döredijiligini köptaraplaýyn öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Şemşat SÄHETGULYÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň hasapçy-buhgalteri.