Golaýda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölümi, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, welaýatyň Şabat etrabynyň Altyn ýol geňeşliginiň Dilewar oba medeniýet öýünde maslahat geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgusynyň çuň manyly setirlerini özüne baş şygar edinen bu maslahat ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirilip, oňa çäräni guraýjy guramalaryň wekilleri, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahat duşuşygynda çykyş edenler ata-babalarymyzdan miras galan paýhas hazynasynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ornunyň aýratyndygy, şahyryň pähim-paýhasa, öwüt-ündewe ýugrulan döredijiligi bilen, ýaş nesli terbiýelemegiň nusgalyk ýoluny kemala getirendigi, akyldaryň döredijiligindäki ýaş nesle edep-terbiýe bermek üçin ulanylan öwüt-ündewleriň çuň mazmunlylygy we köpdürliligi babatda tapawutlanýandygy, Pyragynyň ömri-döredijiligi, dünýä ýüzünde öwrenilişi, döwlet, halkara derejesinde geçirilýän medeni çäreler dogrusynda giňişleýin we buýsançly bellediler.
Maslahatyň ahyrynda okuw ýylynyň dowamynda ýokary netijeleri görkezen Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlaryna hem-de talyplaryna Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Abul HAÝTBAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.