Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda toýlar goşa-goşadan gelýär. Her ýyl ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Ynha, bu gün bu goşa baýram mynasybetli, welaýatyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherindäki Magtymguly meýdançasynda Boldumsaz etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi, Boldumsaz etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde, “Medeniýet – milletiň döredijilik kuwwaty” atly şygar astynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim we medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän işgärler uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Dabarada etrabyň merkezi kitaphanasynyň hem-de çagalar sungat mekdebiniň taýýarlamagynda kitap we surat sergileri guraldy. Bu ýerde etrabyň medeniýet merkeziniň taýýarlan eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy, hormatly Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, medeniýetimizi, owadan ýaşlygy wasp edýän şirin owazly aýdymlary belentden-belent ýaňlandy.
Dabarada etrabyň medeniýet ulgamynda zähmet çekýän işjeň ýaşlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Çary KAKABAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň başlygy.