Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde medeniýet işgärleriniň, bagşylaryň, teatr artistleriniň gatnaşmagynda “Watanymda goşa toý toýlanýar” atly şygar astynda maslahat geçirdi. Maslahatda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda her ýylyň 27-nji iýunynda goşa baýramyň döwlet derejesinde uly dabaralar bilen bellenilýändigini, medeniýet-sungat işgärlerine hormatly atlaryň dakylyp, olara şa serpaýlarynyň gowşurylýandygyny, medeniýet hepdeliginiň uly şatlyk-şowhun bilen toýlanýandygyny buýsanç bilen bellediler.
Çynar MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.