Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen medeniýeti we sungaty ösüşiň täze belentliklerine gadam basýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň kalbyna, milletiň mertebesine deňeýän türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny has-da ösdürmek boýunça alyp barýan beýik işleriniň uly üstünliklere beslenýändigini aýan edýän medeniýet hepdeligi tutuş halkymyzyň arzyly baýramçylyklarynyň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzda ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmäge giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, etrabyň häkimligi we medeniýet bölümi bilen bilelikde, “Şatlyk” toý mekanynda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, “Milli medeniýetimiz – milli mirasymyz” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabara etrap bilim bölüminiň işgärleri, medeniýet we sungat wekilleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada etrap medeniýet merkeziniň aýdymçylary we tans toparlary özleriniň ajaýyp çykyşlary bilen dabara gatnaşyjylara şatlyk paýladylar.
Şeker HAÝTANOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Şabat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.