Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň etrabyň medeniýet we bilim bölümleri bilen bilelikde guramagynda, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, “Bu türkmeniň goşa-goşa täji bar, biri Magtymguly, biri goşa tar” ady bilen, “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebinde guralan söhbetdeşlik çäresine medeniýet we bilim ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň rowaçlanmagyna, dünýä çykmagyna giň ýoluň açylandygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň söz ussatlaryna, aýratyn-da, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýandygy, şahyryň bize goýan edebi mirasy dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar medeni we ruhy mirasymyzyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.