Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi tarapyndan tomsuň häzirki şatlykly günlerinde Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller», Kaka etrabyndaky «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde dürli bäsleşikler geçirilýär. Tebigatyň gözel künjekleriniň biri bolan Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde guralan surat bäsleşigi ýatda galyjy çäreleriň biri boldy.
Merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän okuwçy oglan-gyzlaryň arasyndan surat bäsleşigine gatnaşmaga höwes edenler diýseň köp boldy. Olar üçin ajaýyp şertlerdir mümkinçilikleriň döredilmegi bäsleşigiň guramaçylykly geçmegine oňaýly täsirini ýetirdi.
Bäsleşikde çagalara surat çekmek boýunça belli bir wagt berildi. Bagtyýar çagalar bellenen wagtyň dowamynda merkeziň çägindäki gözellikleri, dynç alşyň şatlykly pursatlaryny şekillere geçirdiler. Mundan başga-da, olar asfaltyň ýüzüne erkin temadan surat çekmekde hem ukyp-başarnygyny görkezdiler.
Bäsleşigiň dowamynda ýeňijiler kesgitlenip, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy.
Aýnagözel NURYÝEWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.