Tomus paslynda jokrama yssy günler köp bolýar. Şol sebäpli hem lukmanlar howanyň aşa gyzýan wagtlarynda günüň aşagynda köp gezmegi maslahat bermeýärler. Çünki Günüň ýiti şöhlesiniň saglyga ýaramaz täsirini ýetirmegi mümkin.
Gün uranda kelle gyzyp, näsag ilki ýadawlyk, gowşaklyk, aýaklarynda, arkasynda agyry duýýar, kelleagyry, başaýlanma döräp bilýär. Soňra gözüň garaňkyramagy, dem alyşda we ýüregiň urşunda ýaramaz alamatlaryň ýüze çykmagy bilen adam özüni has ýaramaz duýýar. Şeýle ýagdaýda näsaga öz wagtynda kömek bermek zerurdyr.
Günüň astynda bolmagy dowam etdirýän näsagyň ýagdaýy beterleşip, ýüzüniň reňki gögümtil bolýar, bedeni has gowşaýar, dem alşy, damar urşy peselýär. Gün uran näsag huşuny ýitirýär, samrap, sandyrap, gyzdyryp, kähalatlarda burny ganaýar. Şoňa görä-de, lukmanlar Gün urmasynyň ýeňil görnüşinde näsagy kölegä geçirip ýatyrmagy, onuň kellesine sowuk ýapgy goýmagy, suw içirmegi maslahat berýärler.
Gün uranyň agyz boşlugynda del jisim bar bolsa, kellesini bir gapdala öwrüp, ony arassalamaly. Agyr ýagdaýdaky näsagy garaňkyradylan salkyn jaýa geçirmeli we eşiklerini ýeňledip, maňlaýyna, ýeňsesine, dyz astyna sowuklyk goýmaly. Bu ýagdaýda haýal etmän, «Tiz kömek» gullugyna ýüz tutmaly.
Enebaý GELDIMYRADOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.