ŞATLYGA BESLENEN BAÝRAM

     Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaralary Ahal welaýatynyň ähli künjeginde şatlyk-şagalaňa beslenip, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap Geňeşleriniň işgärleri, şeýle-de işjeň agzalary ruhubelentlikde gatnaşdylar.

     Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde welaýat derejesinde geçen dabara has-da ýatda galyjy boldy. Ýaşlaryň işjeň gatnaşmagynda uly joşguna beslenen dabarada çykyş edenler baýramçylyk mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, ýurdumyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde uly tagallalary edýändigi, bu ulgamda zähmet çekýänleriň döwrebap şertlerde işlemegi, ýaşamagy we döretmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýändigi üçin hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

     Welaýatymyzyň medeniýet-sungat işgärleriniň, sahna ussatlarynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan aýdym-saz, tans we halk döredijilik çykyşlary dabaranyň şatlyk-şowhunyny belende göterdi. Sungat çykyşlarynda ösüş-özgertmelere beslenen eziz Diýarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň, ajaýyp döwrümiziň, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň waspy öz beýanyny tapdy.

     Änew şäheriniň merkezi seýilgähindäki Magtymguly Pyragynyň nurana heýkeliniň öňündäki meýdançada dowam eden baýramçylyk dabarasynda Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlaryň ýaňlanmagy dabara baý many öwüşginini çaýdy.

 

Merdanaly ORAZBERDIÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA