GALLAM BAR – TYLLAM BAR

     Türkmen halkynda «Gallam bar – tyllam bar» diýen paýhasly jümläniň bardygyny hemmämiz bilýäris. Bu jümle gallanyň ynsan durmuşyndaky ähmiýetini açyp görkeýär. Çünki galla azyk bolçulygynyň, rysgal-berekediň gözbaşy.

     Edermen gallaçylarymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde ýurdummyzda ýylyň-ýylyna guşgursak ak bugdaýyň ýokary hasyly ýetişdirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gyzgalaňly dowam edýän galla oragy şanly ýylymyzda hem sahawatly türkmen topragynda dänäniň bol hasylynyň ýetişdirilendigini subut edýär.

     Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp baş­langyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda oba hojalygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň agrosenagat pudagyny hil taýdan täze sepgitlere çykarýar. Dünýäniň häzirki zaman ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy möwsümleýin meýdan işlerini göwnejaý alyp barmakda, şol sanda ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnamakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu hakykata häzirki günlerde bereketli meýdanlarda kuwwatly däne orujy kombaýnlaryň sazlaşykly hereketi aýdyňlygy bilen görkezýär. Galla oragynyň depginli alnyp barylmagynda kombaýnlara möhüm orun degişlidir. Bu zatlar oba hojalyk pudagynda täze sepgitlere ýetilmegini we edermen daýhanlaryň çekýän zähmetiniň ýerine düşmegini şertlendirýär, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak işini üstünlikli çözmä­ge mümkinçilik berýär.

     Döredilen şeýle şertlerden ruhlanyp, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň edermen gallaçylary  häzirki jogapkärli möwsümi üstünlikli tamamlap, ýurdumyzyň galla harmanyna öz saldamly goşantlaryny goşmak üçin irginsiz zähmet çekýärler. Biz – Türkmenistanyň Magtymgulu adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň işgärleri bolsa, oba hojalygyndaky gyzgalaňly günlerde gallaçylaryň armasyny ýetirip, höweslendiriş işlerimiz bilen oba zähmetkeşleriniň zähmet üstünligine ruhlandyrýarys.

 

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA