GARAŞYLAN EÝÝAMDA GALKYNAN PYRAGY

     Berkarar  döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Şeýle baýramlaryň biri-de, her ýylyň 27-nji iýunynda geçirilýän medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Bu şanly sene mynasybetli, edebiýat agşamlary, baýramçylyk konsertleri, aýdym-sazly çykyşlar, wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde geçirilýär.

     Geçmişiň, şu günüň we geljegiň şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk  şanly toýunyň  giňden  bellenilmegi, onuň goşgular ýygyndylarynyň öz ene dilimizde, şeýle-de, dünýä dillerinde çap edilmegi şahyryň beýik sarpasynyň dabaralandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

     Kiýewiň Boris Grinçenko adyndaky paýtagt žurnalistika institutynyň žurnalistika we metbugat kafedrasynyň professory, filolog Nikolaý Waskiw tarapyndan taýýarlanylan, Pyragynyň ukrain dilindäki 204 goşgusyny özünde jemleýän golaýda çap edilen  goşgular ýygyndysy, şahyryň 66 sany goşgusyny özünde jemleýän gyrgyz dilindäki saýlanan eserleri, dünýä okyjylaryny Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen tanyşdyrmak maksady bilen çap edilýän beýleki daşary ýurt dilindäki goşgular ýygyndylary hem şahyryň halkara  derejesindäki at-abraýyny has-da nygtap görkezýär.

     Mälim bolşy ýaly, Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmegi, şeýle hem, onuň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi ady belli söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetlidigini görkezýär.

     Döwrüň ýaşlaryna edep-terbiýe bermekde söz ussadynyň dürdäne setirleri biz ýaşlara ýol-ýörelge bolup durýar. Gün-günden gülläp ösýän ýurdumyzda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şygyrlary kalplara nur saçýar.

     Bizi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwründe ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!

 

Akjagül AMANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER