Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň umumadamzat gymmatlyklaryny düzýän hem-de kökleri müňýyllyklara aralaşýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, baý medeniýetimizi öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Muny üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem aňryýany bilen tassyklaýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň paýhasly dünýäsidir, XVIII asyr nusgawy edebiýatymyzyň taryhynda baky we gaýtalanmajak yz galdyran beýik şahsyýetleriň biridir.
Bu gün külli türkmen ili beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň bir başa uýmakdaky sargydyndan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töwereginde jem bolup, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň ajaýyp baýram edýär. Bu beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň öwrenilmegine, dünýä giňişliginde wagyz edilmegine, geljekki nesillere miras galdyrylmagyna giň ýollary açýar.
Türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik wekili, kerwenbaşysy Magtymguly Pyragy joşgunly zehinini, manyly ömrüni mähriban halkyna bagyş eden, Watanyny tüýs ýürekden söýen watançy şahyrdyr. Ol dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren ajaýyp, öçmejek eserlerini bize miras goýan beýik akyldardyr. Beýik akyldaryň baý döredijiligi juda köptaraply bolup, onuň şygyrlarynda agzybirlige, dostluga, bitewülige çagyryş agdyklyk edýär.
Magtymguly Pyragynyň baý döredijiligi diňe bir türkmen okyjylarynyň däl, eýsem, dünýäniň okyjylarynyň hem ünsüni özüne çekýär. Muny şahyryň döredijiliginiň diňe bir öz ýurdumyzda däl, halkara derejesinde giňden öwrenilmeginiň, şahyryň ýadygärlikleriniň, heýkelleriniň birnäçe ýurtlaryň medeni ojaklarynda, seýilgählerinde gurulmagynyň mysalynda hem görüp bileris. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bu gün beýleki halklaryň arasynda hem giňden baýram edilýär. Bu şanly sene mynasybetli beýik söz ussadynyň dürdäne eserleri dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilýär.
Şanly ýylymyzyň adynda hem öz ornuny alan Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygry bolsa Gündogaryň nusgawy şahyrynyň we akyldarynyň döredijiligine belent sarpanyň nusgasy boldy. Bu şygyr Magtymgulynyň ýüzýyllyklaryndan bize çenli gelip ýeten paýhasynyň, gudratynyň nähili egsilmez güýje, belent hormata eýedigini beýan edýär:
Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary
Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Magtymguly Pyragy halkymyzyň köňlünde sözden bina galdyran beýik şahsyýetdir. Indi onuň hut özi bu barlygyň dürli künjeklerinde kitaplara öwrülip, jahany synlap dur, seýil edip ýör. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary bilen amala aşyrylýan beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Şeýle beýik işler medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak we akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmek bilen baglanyşyklydyr. Edebiýatymyzy, medeni mirasymyzy öwrenmek halkymyzyň ruhy baýlygyny, asyrlaryň dowamynda toplan gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, dünýä ýaýmak biz — ýaşlaryň hem esasy borjudyr. Milli mirasymyzy, edebiýatymyzy we medeniýetimizi tutuş dünýäde şöhratlandyrmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri rowaçlyklara beslensin.
Maýa BÄŞIMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.