SÖZLERINI KALPLARA ZERLÄP EKEN AKYLDAR

     Gadymy hem müdimi nowjuwan halkymyz dünýäniň medeni hazynasyna, ýaşaýyş pelsepesine mynasyp goşant goşan halkdyr. Taryhy geçmişimizde beýik şahsyýetler türkmeniň şöhratyna şöhrat goşup, milletimiziň dünýä halklarynyň arasynda mertebesiniň belent bolmagyna dowamat beripdirler. Olaryň arasynda beýikleriň beýigi saýylmaga mynasyp Magtymguly Pyragydyr. Akyldar pederimiziň halkymyzyň taryhynda, dünýägaraýşynda, köp gowgalary başdan geçiren ykbalynda tutýan orny Gahryman Arkadagymyzyň parasatly sözlerinde aýdyň beýan edilýär: «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy indi üç ýüz ýyla golaý wagt bäri öz ady bilen hem-de gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýär. Şahyryň mertebesi, onuň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir. Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy».

     Magtymguly Pyragynyň döredijiligini hemmetaraplaýyn öwrenmek, onuň şygyrlarynda çuňňur beýan edilen pikirleri dürli ylmy çemeleşmelerden ugur alyp, teswirlemek akyldar şahyryň çäksiz ruhy baýlygyny şu günki we geljekki nesillere ýetirmekde uly ähmiýete eýedir. Pyragynyň eserleri ynsanperwer ylymlaryň dürli ugruna degişli barlaglary alyp barmak üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär.

     Şahyryň goşgularynda türkmen halkynyň däp-dessurlary, milli dünýägaraýşy, ýaşaýyş pelsepesi, nesil terbiýelemek mekdebi giňden öz beýanyny tapýar. Magtymgulynyň eserlerinde dürli atlaryň, hususan-da adam atlarynyň köp duş gelmegi şahyryň özünden öňki ruhy hem taryhy mirasdan düýpli habarlydygyna, ony paýhas eleginden geçirendigine şaýatlyk edýän bolsa, beýleki bir tarapdan, atlary kämil çeperçilik serişdeleri hökmünde ussatlyk bilen nusgawy şygryýetde ulanmagy başarandygyny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.

     Ynsan arzuw-hyýalyny durmuş hakykatyna öwürmegi özüne bagt saýýar. Taryhda zehiniň, gaýratyň, zähmetiň bilen yz galdyrmak, il arasynda ýagşy işleriň bilen abraýa eýe bolmak, ýüzlerçe ýyl geçenden soň nesilleriň ürç edip okajak kitabyny ýazmak, umuman, haýyrly iş etmäge ymtylmak hemişe-de adamzat nesliniň ömür maksady.

     Magtymgulynyň eserlerinde bütin adamzadyň, Gündogar halklarynyň aňynda mäkäm orun alan şahsyýetleriň, türkmen halkynyň arasynda sarpalanýan ynsanlaryň, şahyryň öz durmuş ýolunda tanap, şygyrlarynda dürli häsiýetnamalary beren adamlarynyň atlaryny dil biliminiň ýörelgeleri esasynda öwrenmek gyzykly maglumatlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

     Magtymgulynyň eserlerinde atlar diňe bir dil serişdesi bolup çäklenmän, eýsem edebi-çeperçilik serişdesi hökmünde şygyrlaryň mazmunyna aýratyn öwüşgin berýär. Şahyryň goşgularynda agzalýan atlaryň arasynda taryhy şahsyýetleriň, halk döredijilik, Gündogaryň nusgawy edebiýat eserleriniň gahrymanlarynyň, yslam dini bilen baglanyşykly şahsyýetleriň, mifiki gahrymanlaryň atlary bar. Bu sözler akyldarymyzyň eserlerini dünýä dillerine terjime etmekde uly kynçylyk döredip, terjimeçiden hünär ussatlygyny talap edýär.

     Magtymgulynyň bu goşgysynda agzalyp geçilýän has atlaryň birnäçesi – Mejnun, Leýli, Perhat, Şirin, Seýpelmelek, Mahjemal, Warka, Gülşa, Tahyr, Zöhre, Garyp, Şasenem, Nowruz, Gül-Fehrar, Wamyk, Uzra, Ganbar, Arzy – Gündogar edebiýatynda giňden ýaýran dessanlarynyň gahrymanlarynyň atlary. Ol atlar bu beýik edebi mirasy mukaddes saýýan halklaryň arasynda çäksiz söýgüniň nusgasy bolup galdy. Diýmek, bu atlaryň hemmesi diňe anyk şahslary we gahrymanlary atlandyrmak bilen çäklenmeýär. Olaryň goşmaça many öwüşginleri häzirki döwürde «mukaddes söýgi» düşünjesiniň aňlatmasy hökmünde Gündogar halklarynyň hakydasynda müdimi orun alandyr. Akyldar pederimiziň öz şygrynda ýatlap geçýän dessanlaryň gahrymanlaryndan Leýliniň, Mejnunyň, Şiriniň, Perhadyň, Zöhräniň, Tahyryň, Şasenemiň, Garybyň atlarynyň söýgüniň ajaýyp simwoliki atlary hökmünde türkmen halkynyň aňynda şu günlere çenli saklanyp galandygyny ynamly aýdyp bolar.

     Häzirki wagtda türkmen halky özüniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny giňden belleýär. Bu şanly toý mynasybetli Magtymgulynyň döredijilik mirasyny häzirkizaman ylmynyň ýeten derejesinden ugur alyp çuňňur öwrenmek, onuň nesihatlaryny halk arasynda, bütin dünýäde wagyz etmek etmek her bir türkmen alymy üçin, döredijilikden ylham alýan her bir adam üçin hem parzdyr.

     Beýik Pyragynyň mähriban halkyna arzuw eden berkarar döwleti, bagtyýarlyga beslenen durmuşy bu gün eziz Diýarymyzda hakykata öwrüldi. Munuň şeýledigini Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň buýsançly sözleri hem aýdyň subut edýär: «Bu gün şahyryň öz eziz iline arzuw eden bagtyýar geljegi hasyl boldy. Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä kartasynda asudalygyň we agzybirligiň mekany hökmünde orta çykdy. Agzybirligiň beýik gudratdygyna ynanýan türkmen halky Magtymgula hemişe minnetdardyr. Çünki, döwletimiziň mundan buýana-da mizemezligi we gülläp ösmegi üçin beýik şahyryň röwşen ideýalary, parasatly sargytlary, agzybirlik sapaklary hemişe-de derwaýysdyr.»

 

Yhlas NAZARGYLYJOW,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,

TMÝG-niň agzasy.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER