SANLY DÜNÝÄ: ÝAŞLAR. ÖSÜŞ.GELJEK.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler gönüden­göni ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Bu gün ylym­bilimiň kömegi bilen awtomatik tilsimatlar, maksatnamalaýyn dolandyrylýan kuwwatlyklar, kompýuterleşdirilen enjamlar ynsanyň bähbidine gulluk edýär.

     Bilşimiz ýaly, «Türkmenistanda 2019 – 2025­nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça aýgytly başlangyçlara badalga berlip, häzirki wagta çenli netijeli işler alnyp baryldy. Bu işleriň netijesinde maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçilikleriniň giňden ulanylmagy bilen, sarp edijileriň wagtlary we serişdeleri tygşytlanylýar. Munuň özi, hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilýändigini, sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň döredýän amatlyklarynyň geriminiň giňeýändigini we geljekde has­da giňejekdigini ynamly aýtmaga esas döredýär. Ýurdumyzda sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylýan döwründe olardan kämil baş çykarmak, dogry peýdalanmak ýaly işlere ýaşlary çekmek, olary höweslendirmek Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy «Türkmenistanda 2019 – 2025­nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alyp, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek işlerini sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, has­da döwrebap ýerine ýetirmek maksady bilen, guramanyň elektron saýtyny kämilleşdirmek we mümkinçiliklerini has­da giňeltmek boýunça degişli işleri yzygiderli alyp barýar. Häzirki wagtda Guramanyň www.yashlar.gov.tm internet websaýtynyň döwrebaplaşdyrylan täze görnüşi hereket edýär.

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan döredilen www.yashlar.gov.tm internet web­saýty «Baş sahypa», «Makalalar», «Medeni miras», «Sport», «Bilim», «Täzelikler», «Türkmenistan – ÝUNESKO», «Multimediýa», «TMÝG­niň ýerli Geňeşleri», «Online kabulhana», «Habarlaşmak» bölümlerinden ybarat bolup, olarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde hem­de olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawyny kadalaşdyrýan kanunçylyk namalary, şeýle­de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi, welaýat, şäher, etrap Geňeşleri tarapyndan guralýan medeni­köpçülikleýin çäreler, wagyz­nesihat işleri, dürli bäsleşikler dogrusyndaky maglumatlar we mirasymyzdan söz açýan täsirli makalalar giňden şöhlelendirilip, işjeň täzelenip durulýar. 2024­nji «Pähim­paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli, web­saýta ýene bir täze bölümiň, ýagny Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden giňişleýin söz açýan «Magtymguly Pyragy» bölüminiň goşulandygyny hem bellemek bolar.

     Bulardan başga­da, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyndan ruhlanyp, bu ajaýyp eserde aýratyn bölüm hökmünde ýerleşdirilen «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» atly bölümini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň guramagynda ýörite telegepleşik ýazgy edilýär. Sanly ulgamlaryň giň mümkinçiliklerinden, ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän şertlerden söz açýan bu gepleşikde häzirki zaman ýaşlarynyň ösen tehnologiýalara erk etmek başarnyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň edilýär.

     Häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek üçin ýokary bilimli we medeniýetli, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý, täze tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, işine ussat hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Geňeşleri, welaýat we etrap Geňeşleri tarapyndan ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýaşlaryň, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň hem­de umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlarynyň, ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda internet torunyň ösdürilmegi, sanly tehnologiýa ulgamyndan, innowasion serişdelerden peýdalanmagyň medeniýeti barada düşündiriş işleri alnyp barylýar, wagyz­nesihat duşuşyklary geçirilýär.

     Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmegi ugrunda belent maksatly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ilýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

 

Pirnazar REJEPOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

 

“Arkadagly Ýaşlar” atly elektron

žurnalynyň 6/2024 sany. Sah 26-27.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY