Gündelik durmuşda «Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn» diýen aýtgyny kän eşidýänsiňiz. Aslyýetinde, bu ýerde göz öňünde tutulýan «adam bolmak» – kämillik, sypaýyçylyk, ak ýüreklilik hem-de edeplilikdir. Ilhalar kişileri beýleki adamlardan tapawutlandyrýan sypatlar, ine şu häsiýetlerdir.
Perzent terbiýesine biparh garamaly däldigi gadymdan bäri gulagymyza guýulýan pent. Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talyp: «Çagalaryňyzy diňe şu döwür üçin däl, geljek zamanlary hem göz öňünde tutup terbiýeläň» diýer eken. Gysga hem bolsa, akyla muwapyk söz. Terbiýeçiler, mugallymlar, ene-atalar çagalaryň edep-terbiýesini kämilleşdirmek arkaly olara ýaşaýşyň täze gözýetimlerini, üstünligiň heniz el degmedik gapylaryny açyp bermäge, bagta eltýän arassa we halal ýollary öwretmäge, geljege mynasyp taýýarlamaga borçludyrlar. Şu wagtdan perzentleriň aňyna sepilen tälim tohumlary, ýüreklerine oturdylan ýagşylyk nahallary mäkäm boý alsa, tüýs diýen çaglarynda ol düşünjeleriň hasyl berip başlajakdygy hemmämize mälim. Ynsanlar geljege taýýarlykly bolmaly, taýýarlykly barmaly.
Aslynda ynsan çagasy ýagşy arzuwlar bilen dünýä inýär. Ýagşy arzuwda ýaşamak, umuman, adamyň tebigatyna mahsus. Ýöne ýerden «Ýagşy niýet – ýarym döwlet» diýilmeýär. Adam ömrüniň dowamynda edep alýar, okaýar, zähmet çekýär, maşgala gurýar, çagalaryny terbiýeleýär we olary durmuşa ugrukdyrýar. Ýokary ahlakly adam şu durmuş «duralgalarynyň» ählisinde hem ýagşy arzuwlara köňül berip ýaşaýar, diňe jemgyýete peýdaly işlere özüni bagyşlaýar.
Şahsyýet tarapyndan adam gatnaşyklarynda özüňi alyp barmagyň anyk ýüze çykmalaryna ahlak edebi ýa-da edeplilik diýilýär. Ahlaklylygyň we edepliligiň birnäçe görkezijileri bardyr. Ynsanyň edebiniň dereje görkezijisi onuň ahlak kämilliginiň derejesine baglydyr. Şeýlelikde, edep ahlakdan gaýdýar. Edep kadalary ahlak kadalaryny durmuşa geçirmegiň mehanizmidir. Edepli ynsan ahlakly ynsandyr, ahlakly ynsan bolsa medeniýetli ynsandyr.
Türkmen jemgyýetiniň irki döwürlerinde hem edep kadalaryna möhüm ähmiýet berlipdir. Edep kadalary-da edil ahlak kadalary ýaly halkyň mentalitetine esaslanýar hem-de şondan gelip çykýar.
Şeýlelikde gujur-gaýratly, talapkär şahsyýeti kemala getirmek üçin, jemgyýetde dürli derejelerde ahlak terbiýesi döwrebap guralan bolmaly, meýilnamalaýyn esasda üznüksiz amala aşyrylmaly. Mysal üçin, türkmenlerde ir döwürlerden bäri maşgalada maşgalabaşy tarapyndan öwüt-ündew işleri geçirilip durlupdyr. «Men saňa öňem elli iki sapar aýdypdym, ýene-de gaýtalaýaryn» diýip, ata-babalarymyz oglan-uşaklaryny terbiýeläpdirler. Ýylyň dowamynda elli iki hepde bolup, şolaryň bir gününde maşgala agzalaryna edep öwredilýän eken. Türkmençilikde muňa hökmany berjaý edilmeli kada hökmünde garalypdyr. Şu oňyn tejribe häzirki günlerde hem döwrebap görnüşlerde dowam etdirilmäge hem-de wagyz edilmäge mynasypdyr. Edep kadalarynyň berjaý edilişi şahsyýetiň durmuşda mynasyp ornuny tapmagyna ýol görkezýär.
Bagtyýar GURBANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň
institutynyň hukuk fakultetiniň talyby.