ÝAŞLAR SYÝASATY ROWAÇLANÝAR

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Her bir ynsan üçin şahsy zähmetiniň jemgyýet tarapyndan ykrar edilmesinden ýokary sylag ýokdur. «Adam eli – gyzyl gül» diýipdirler. Elbetde, agajyň miwesinden belli bolşy ýaly, ynsan hem özüniň zähmeti bilen meşhurlyga eýe bolmalydyr» diýen çuň manyly sözlerini ýol-ýörelge edinýän bagtyýar türkmen ýaşlary bu gün  öz zähmeti bilen Watanymyzyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Eşretli döwrümizde ýurdumyzda bilim almaga, hünär öwrenmäge, döretmäge, gurmaga açylan giň ýollar biz — bagtyýar ýaşlary beýik üstünliklere, täze-täze gözleglere  ruhlandyrýar.

     «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň üstünlikli hereket etmegi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynda göz öňüne tutulan wezipeleriň gyşarnyksyz durmuşa geçirilmegi ýaşlary örän begendirýär. Bu zatlar ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi hem-de kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezmekleri, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşa işjeň gatnaşmaklary üçin diýseň ähmiýetli bolup durýar.

     Ýurdumyzda ýaşlar hakda edilýän aladalar durmuşyň ähli ugurlarynda aýdyň ýüze çykýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguiy Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly baýramynyň giňden dabaralandyrylýan çagynda  Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň jeminiň jemlenip, ýeňijileriniň Şa serpaýy bilen sylaglanmagy bolsa, ýurdumyzda zehinli ýaşlaryň ornunyň belende göterilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.  Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgärleri ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýarlygyna gönükdirilen işleriň ähmiýetini ildeşlerimize düşündirmekde yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Ýaşlar baradaky aladany döwlet syýasatynda ileri derejede ähmiýet berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

 

Rejepgeldi ATAJANOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY