Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýärler. Şeýle bolansoň, bu gün ählitaraplaýyn kämil nesiller kemala gelýär.
Bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bilim ojaklarynyň möhüm orny bar. Şonuň bilen baglylykda, 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen, ak mekdeplerde täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerine badabat girişildi. Bu işleriň çäginde Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndaky umumybilim berýän orta mekdeplerde ýeňil abatlaýyş işlerine giň gerim berildi. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminde bolýan häzirki günlerde ýeňil abatlaýyş işlerini talabalaýyk alyp barmakda mynasyp tagallalar edilýär.
Abatlaýyş işleri doly geçirilenden soňra, synp otaglary göwnejaý enjamlaşdyrylar, döwrebap görkezme esbaplary bilen üpjün ediler. Bu ugurdaky işler mekdep mugallymlarynyň aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Häzirki işler täze, 2024-2025-nji okuw ýylyna täze güýç bilen gadam basmaga mümkinçilik berer.
Döwran NOWRUZOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň başlygy.