BUÝSANÇNAMA

     Her döwür bir döwür bolýar. Geçmişden şu güne araçäk bolan, umytly ertirine şan berip, asyrlar aşan milli medeniýeti, sungaty, türkmen halysy, alabaýy, saryja goýny, amaly-haşam zergärçilik işleriniň aňrybaşy nusgalarynyň baý taryhy bilen dünýä meşhur bolan türkmen halkymyz bu günki gün halkyň saýlan hormatly Prezidenti – Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen ata-baba miras galan dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýöredip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşlerden-ösüşlere, belentliklerden-belentliklere tarap bedew bady bilen öňe barýar.

     Älemiň ünsüni özüne çekip, diňe bir türkmen halkynyň taryhynda däl,  dünýäniň geçmiş taryhynda altyn harplar bilen ýazylyp, özüne mynasyp orun tapmagy başaran mähriban Watanymyz şöhratly geçmiş ýolunda ençeme han-begleri, beýik serdarlary bilen meşhur bolupdyr. Bu asylly ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň dowamat-dowamçysy bolan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen mynasyp dowam edýär.

 

Joşgunlary derýa bolan halkyň arzuw-isleginde,

Kalba düşdi beýik arzuw, wysal onuň besleginde.

Hasyl bolup ballar önýär bu gün türkmen düzlerinde,

Bütin dünýä nurun paýlap, ak daňlarymyz atandyr.

Şygarymyz: «Watan diňe halky bilen Watandyr».

 

Gözel ýurda seýle çyksaň, ertekidir şäher-bina,

Serdaryna alkyş aýdyp, ýaňlanýandyr alkyş-sena,

Ýaýlasynda güller açan, arkasynda daglar pena,

Bu gözellik tebigatdan paýymyza ýetendir.

Şygarymyz: «Watan diňe halky bilen Watandyr».

 

Sagdyn bedende – belent ruh, sport – saglyk şygarymyz,

Türgenleriň ýeňişleri synmaz ruhly ygrarymyz,

Türkmenimiň päk niýeti, ýollarmyza çyragymyz,

Serdarymyň başlan işi il bähbitli tutumdyr.

Şygarymyz: «Watan diňe halky bilen Watandyr».

 

Beýik halkyň ykrarynda gül Watanym binýatlydyr,

Dünýäň ýüzün haýran eden Türkmenistan atlydyr,

Goç ýigidiň kükrek geren buýsanjy – bedew atydyr,

Dal bedewleň başyn çekip, bagta bagt gatandyr.

Şygarymyz: «Watan diňe halky bilen Watandyr».

 

Halal zähmet gaýnap joşýar, gül Watanyň gujagynda,

Rysgal ýagýar her gün baksaň, naz-nygmatly saçagynda,

Dessan bolup, dile gelen waspy dutar-gyjagynda,

Arkadagly Serdar bilen belent maksat tutandyr.

Şygarymyz: «Watan diňe halky bilen Watandyr».

 

     Ak ertirlerde umyt bolup, göreçlerde baky orun alan ýagty geljegimiz bu günki gün ýaşlaryň elinde. Ýaşlar – Watanyň geljegidir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ädilýän her bir ädim türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň binýady bolar. Biziň şu günki zähmedimiz ertiriň şanyna şan goşjak ädimlerdir. Nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlarymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen ata Watanymyzyň ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşarlar. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň öňe süren beýik şygary – «Watan diňe halky bilen Watandyr»...

 

Gunça ORAZOWA,

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş

müdirliginiň 4-nji sport mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY