Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlar syýasatyna uly ähmiýet berilýär. Ýaşlar üçin ösen tejribelere, dünýä ülňülerine laýyk gelýän amatly şertleri döretmek, olaryň daşary ýurtlara iş saparlary bilen gitmegi we tejribe alyşmagy üçin uly tagalla edilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň dostlukly döwletimiz Russiýa Federasiýasy bilen alyp barýan gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 8-nji aprelinde ýola goýuldy. Şondan bäri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim pudagynda, medeniýet ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň wekiliýeti 25 — 30-njy iýunda Omsk şäherinde geçirilen Russiýanyň we Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlarynyň döredijilik festiwalyna gatnaşmagy diýseň buýsandyryjydyr. Bu çäre Russiýa Federasiýasynyň Ýaşlar gününiň bellenilmegine gabat geldi. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde festiwala Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Maý Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş mugallymlarydyr talyplary gatnaşdy.
Festiwal maksatnamasy döredijilik, sungatyň we intellektual işjeňligiň dürli ugurlary boýunça «KHS, media», «Döredijilik» we «Dizaýn» atly üç bölümi öz içine aldy. «KHS, media» bölüminde ýaşlara medianyň häzirkizaman ugurlary, surata düşürmegiň we ony gaýtadan işlemegiň görnüşleri, täsirli wideo ýazgylaryny taýýarlamagyň usullary we başga-da bu ugra degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de gerekli tejribeleri alyşmak üçin şertler döredildi.
29-njy iýunda festiwala gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň köpçülikleýin lybaslary görkezilişi guraldy we şol gün rus meşhur estrada aýdymçylarynyň uly baýramçylyk konserti boldy. Bu bolsa, ýaşlaryň göwünlerini galkyndyryp, ýüreklerini joşa getirdi.
Ýurdumyz ençeme ýyllardan bäri Russiýa Federasiýasy bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Geljekde hem iki ýurduň arasynda şeýle netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda taýsyz tagallalar edilýär.
Mälim bolşy ýaly, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dürli görnüşlerde netijeli sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Şu maksat bilen, ýurdumyz söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, iri düzümleýin taslamalary amala aşyrýar.
Umuman, ýurdumyzyň ýaşlaryndan düzülen wekiliýetiň Russiýa Federasiýasynyň Omsk şäherinde geçirilen çärelere gatnaşmaklary ýaşlara tejribe alyşmakda, döwletleriň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyklaryna has çuň düşünmekde örän ähmiýetli boldy.
Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gurban MYRADOW,
«Arkadagly Ýaşlar».