Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Tomsuň ilkinji günlerinde okuw möwsümini tamamlan çagalary ýurdumyzyň ajaýyp Gökdere jülgesindäki köpsanly sagaldyş-dynç alyş merkezleri gujak açyp garşylady.
Ösüp gelýän nesillerimiziň beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn bolmaklary üçin ýurdumyzda döwlet derejesinde giň mümkinçilikler döredilýär. Ynha, şeýle mümkinçilikleriň ýene biri hem tomus möwsüminde çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri we öz deň-duşlary bilen sazlaşykly hereketde bolmaklary üçin gözel Gökderede we welaýatlarymyzyň dürli künjeklerinde jana melhem tebigatyň goýnunda, jöwzaly tomsuň ajaýyp günlerinde çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirip, bedenlerini berkitmekleri üçin hem çagalar sagaldyş dynç alyş merkezlerinde gyzgalaňly döwür dowam edýär. Dürli ýaşdaky çagalaryň arasynda geçirilýän döredijilik, sport, medeni–köpçülikleýin çäreleri yzygiderli alnyp barylýar. Bu çäreleriň, bäsleşikleriň netijesinde çagalaryň häsiýetlerinde köpçülige uýgunlaşmak, bir maksada agzybirlik bilen gulluk etmek ýaly oňat häsiýetler kemala gelýär.
Mundan başga-da çagalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny netijeli we gyzykly geçirmekleri, geljekki durmuşa taýýarlygyň hem bir başlangyjy diýsek ýalňyşmarys. Sport ýaryşlarynyň netijesinde çagalaryň beden kämilligi has-da berkäp, şähtleriniň açyk, pikirleniş ukyplarynyň dury bolýandygy ylmy nukdaýnazardan subut edilen hakykatdyr. Hut şonuň netijesinde sport bilen meşgullanýan adamlaryň özlerine ynamy ýokary bolýar, bu bolsa çagalykdan sporta höwrügen nesiller üçin has-da netijeli ynamdyr. Şeýle-de döredijilik bilen gyzyklanýan çagalaryň arasynda surat çekmek, Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okamak ýaly dürli mowzukda köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi bolsa ýaş nesilleri döredijilige çekmek üçin özboluşly mümkinçilik bolup durýar. Geçirilýän bäsleşiklerde has tapawutlanyp baýrakly orunlary eýeleýän körpe nesillere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary berilýär. Munuň özi ýaşlary geljekki üstünliklere ruhlandyryp, beýik maksada iterýär.
Ýakymly ýatlamalary bilen ýatda galjak tomus paslynda dynç alýan bagtyýar nesillerimiziň dillerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri sena bolup ýaňlanýar.
Merjen NURMUHAMMEDOWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.