Türkmen halkynda ata-babalarymyzyň ruhy mirasynyň binýadynda nesil terbiýesini dowamat-dowam etmek asylly däpdir. Şu sebäpden türkmeniň ýaşaýyş pelsepesinde, milli dünýägaraýşynda aýratyn sarpalanyp ady tutulýan Magtymguly Pyragynyň eserlerini ylmy esasda öwrenmek, wagyz etmek, terbiýede giňden ulanmak biziň halkymyzda adaty ýagdaýa öwrüldi.
Häzirki wagtda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň saýasynda beýik akyldaryň döredijiligini ylmy esasda içgin öwrenmäge we ony bütin dünýäde wagyz etmäge uly üns berilýär. Akyldar şahyryň adyny uly buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň merkezi Geňeşi hem bu ugurda alnyp barylýan işlere mynasyp goşandyny goşýar. Gurama tarapyndan ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary, ýaşlaryň arasynda yzygiderli guralýan döredijilik bäsleşikleri hem dana şahyryň edebi mirasyny ýaş nesle wagyz etmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň – milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzydyr, watançylyk we ynsanperwerlik ideýalarynyň hem-de ahlak gymmatlyklarynyň beýik waspçysydyr. ХVIII asyrda keremli daglarymyzy, tereň derýa-çaýlarymyzy, giň sähralarymyz, oba-kentlerimizi, müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen ýörelgelerimizi ündän beýik söz ussadynyň çuňňur parasada ýugrulan şygyrlary şan-şöhrata beslenen geçmişimize, şu günümize, geljegimize çäksiz buýsanç we guwanç duýgularyny döredýän gymmatly milli hazynamyzdyr.
Akyldaryň döredijilik aýratynlygynda halkymyzyň, türkmençiligiň iň oňat häsiýetleri jemlenendir. Bir söz bilen aýdanymyzda, Magtymgulynyň döredijiligi adamzat ýaşaýşynyň iň wajyp, derwaýys maddy we ruhy sowallaryna jogapdyr.
Üstünden üç asyr geçse-de, öz Watanyňy söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan halkymyzyň beýik akyldar şahyrynyň şygyrlary häzirki günlerimize çenli öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde mynasyp orun alyp gelýär. Çünki, akyldar şahyryň eserleri we edebi mirasy her bir adam üçin ylham çeşmesidir, dünýä akyl ýetirmegiň nusgasydyr, kämil durmuş mekdebidir. Şu nukdaýnazardan hem dana Pyragynyň eserleri we akyldara bagyşlanyp ýazylan ýygyndylar yzygiderli neşir edilip, halka ýetirilýär.
Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde neşire taýýarlamagynda filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Täçmämmedowanyň «Alym Arkadagymyzyň kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebi» atly monografiýasynyň çapdan çykmagy hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň döredijiligini giňden öwrenmek, wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant boldy.
Adyndan belli bolşy ýaly, monografiýada nusgawy edebiýatyň parlak ýyldyzy, Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijilik ýoly hem-de şu günlerimizde dowam edip gelýän edebi mekdebi hakynda söhbet edilýär. Neşirde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň many goýazylygynyň Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebinden gözbaş alyp, täze bir milli ýörelgäniň başlangyjy bolýandygy, alym Arkadagymyz bilen beýik söz ussadynyň döredijiliginiň arasyndaky özboluşly edebi baglanyşygyň ähmiýeti barada ygtybarly maglumatlar berilýär.
Monografiýanyň mazmuny «Sözbaşydan», «Pyragy hem Arkadag – ruhy baýlygyň akabalary» atly bölümden, üç bapdan, «Netijeden», «Edebiýatdan» we «Goşundydan» ybarat.
Monografiýa alymlar, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem-de giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Onuň «Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kyssa eserlerinde nusgawy edebiýatyň täsiri» atly birinji babynda Alym Arkadagymyzyň ynsanperwer ýörelgesi, dünýä nusgalyk «Älem içre at gezer» hem-de«Döwlet guşy» atly eserlerinde akyldar şahyryň edebi mekdebi ylmy esasda düýpli öwrenilipdir. «Alym Arkadagymyzyň ylmy-publisistik kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň nusgalyk ýörelgeleri» atly ikinji babynda hem Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň sarpasy, edep-terbiýe mekdebi dogrusynda ylmy esasda giňişleýin beýan edilýär. Alym Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaplarynda Magtymgulynyň zer ýalkymly setirleriniň getirilmegi akyldaryň edebi mekdebiniň çygryny has-da giňeldýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynda özboluşly edebi mekdebi döretmegi başaran şahyr. Alym Arkadagymyzyň ynsanperwer taglymaty esasynda beýik Pyragynyň döredijiligi ynsanyýet üçin nusgalyk mekdep bolup durýar.
Akyldar şahyryň döredijilik akabasyndan gaýdýan edebi ýörelgäniň, çeper täsirlenmäniň Gahryman Arkadagymyzyň goşgularynda giňden şöhlelenmegi monografiýanyň «Gahryman Arkadagymyzyň şygyrlarynda Magtymgulynyň edebi mekdebiniň hyzmaty» atly üçünji jemleýji babynda beýan edilýär.
Mahlasy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Täçmämmedowanyň «Alym Arkadagymyzyň kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebi» atly monografiýasynyň düýp mazmunynda magtymgulyşynaslygyň täzeçil, döwrebap meseleleri ylmy esasda öz beýanyny tapýar. Biz hem alym halypamyzyň mundan beýläk-de galamynyň ýiti, ylmy gözlegleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Akyldar şahyryň öwüt-ündewe eýlenen döredijiligini ylmy esasda öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän edebi mirasymyzyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri dowamat dowam bolsun!
Çeper NAZARGYLYJOWA,
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň terjimeçisi.