DÜÝE MALY – DÜNÝE MALY

     Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, şeýle hem «Miras» teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda ýaýlyma berilýän «Milli miras – nesillere görelde» atly gepleşiginiň nobatdaky sany ýazgy edildi. Gepleşigiň bu sany şol muzeýiň merkezi binasynda ýörite gurnalan sergi esasynda «Düýe maly – dünýe maly» diýen at bilen geçirildi. Onda ady agzalan muzeýde we ýaşlar guramada zähmet çekýän zenanlar söhbetdeş bolup, olar öz çykyşlarynda halkymyzyň milli gymmatlygy bolan düýe, onuň ýüňünden taýýarlanylýan, süýdünden alynýan önümleriň ynsan saglygyna peýdasy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem çykyşlarda düýe malynyň aýratynlygy, onuň ýaşaýyş durmuşymyzdaky orny barada, muzeýde gurnalan sergide görkezilen düýe bezegi üçin ulanylýan esbaplar dogrusynda täsirli gürrüňler berlip, milli mirasymyzy öwrenmekde, ýaş nesillerimize ýetirmekde, hem-de dünýä ýaýmakda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdyldy.

 

Jemal SAPAROWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň

bölüm redaktory.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY