AWAZA – SYÝAHATÇYLYK MERJENI

     Gojaman Hazaryň türkmen kenary Diýarymyzyň iň gözel künjeklerniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu ajaýyp ýerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi bilen deňiz kenary has özgerdi.

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Awaza» taslamasy Türkmenistanyň ýakyn onýyllyklar üçin geljekki meýilnamalarynda aýratyn orny eýeleýär. Şonuň üçin hem bu taslama dünýäniň binagärçilik we inženerçilik pikiriniň iň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýär. Geçen ýyllarda bu täsin künjekde häzirki zaman myhmanhanalary, sagaldyş merkezleri, kottežler, sport maksatly desgalar, seýilgähler, suw çüwdürimleri we beýleki ençeme desgalar guruldy. Bu ajaýyplar göreniň aklyny haýrana goýýar hem-de maşgala dynç alşy üçin giň mümkinçilikleri açýar.

     Tomus paslynyň häzirki günlerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy has-da köp adamlydyr. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, şu möwsümde Hazaryň tämiz howaly kenarynda ilatymyzyň oňat dynç almagy, şypahana mümkinçiliklerinden peýdalanmagy, saglygyny berkitmegi, bu ýeriniň tebigy özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşmagy ugrunda ähli mümkinçilikler döredildi. Şeýle bolansoň, şu günler ol ýerde dürli ýaşdaky ildeşlerimiz, şol sanda mekdep okuwçylary kadaly dynç alyp, saglygyny berkidýärler, deňiz kenarynyň ýokary derejedäki amatlyklaryndan peýdalanýarlar.

     Awazada röwşen ertirimiz bolan ýaş nesiller üçin göz öňüne tutulan şertler has-da guwandyrýar. Ertekilerdäki köşkleri ýada salýan sagaldyş merkezlerinde ýaş nesliň sagdyn ösmegi, çagalyk döwrüni şadyýan we begençli, täsirli hem-de gyzykly geçirmegi üçin zerur şertleriň ählisi bar. Syýahatçylyk zolagynyň gözel ýerlerinde ýerleşýän «Älemgoşar» oýun attraksionly seýilgäh, «Deňiz merjeni» medeni dynç alyş merkezi hem-de «Jadyly kenar» oýun attraksionly seýilgäh özüniň ajaýyplyklary bilen çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri döredýär. Deňiz kenary boýunça gezelençleriň özi hem uly gyzyklanma eýedir.

     Hazaryň türkmen kenaryny dünýäniň syýahatçylyk merjenine öwren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

 

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY