Soňky ýyllarda tehnologiýanyň kämilleşmegi, dürli görnüşli maglumat çeşmeleriniň hemişe elýeterli bolmagy beýniniň “ýalta” bolmagyna, netije-de, adamyň ýatkeşligine oňaýsyz täsir edip gelýär. Ege-de ýatkeşligimiz gowy bolsa, işlerimizi aňsatlaşdyrmaga ýardam edýär. Haýsy wagt haýsy dersiň bardygyny bilmek, synaglara işjeň taýýarlyk görlende, öwrenen zadymyzyň bolsa, ýadymyzda galmagy okuwda üstünlik gazanmagymyza ullakan ýardam edýär. Gündelik işimizi haçan etmelidigini bilmek gündelik durmuşda hem işimizi örän ýeňilleşdirýär. Eýsem, beýnimiziň işjeň bolmagy üçin nämeler etmelikä? Bilermenler munuň üçin birnäçe gyzykly maslahatlary berýärler. Geliň, olaryň ählisi dogrusynda tanyş bolalyň !
Dogry iýmitlenmek. Elbetde wagtly-wagtynda, ýeterlik mukdarda iýmitlenmek saglygymyz üçin örän netijeli bolup, şeýle etmedik halatymyzda biziň saglygymyza oňaýsyz täsir edip biler. Gündelik durmuşymyzda iýýän gök önümlerimiziň gündelik durmuşymyzda köpräk bolmalydygyny hemişe ýatladýarlar. Mundan başga hem, marinad önümleri, balyk, kösükli dänelerden taýýarlanan naharlar we dürli reňkli iýmitleriň iýilmegi maslahat berilmeýär. Şu maslahatlary ýerine ýetiren halatymyzda, saglygymyza peýdaly bolşy ýaly, ýatkeşligimiziň hem güýçlenmegine itergi berýär.
Täze dil öwrenmek. Beýnimiziň işjeňligini artdyrmak üçin bilermenler diňe bir dili öwrenmegi däl, eýsem, islendik täze maglumaty öwrenmegiň hem peýdalydygyny belleýärler. Täze diliň kada-kanunlary, ýat tutjak sözleriňiz, beýni üçin iň gowy “maşklar” beýniniň her gün başga amaly ýerine ýetirmegine, netije-de işjeňligini dowam etdirmegine ýardam eder.
Saz çalyň! Aýdym-sazyň beýniniň iki tarapyny hem bir wagtda işledýän az sanly hereketden biridigini bilermenler belleýärler. Aýdym diňlemek ýatkeşligi artdyrmaga, ünslüligi güýçlendirmäge oňaýly täsir edýär. Saz guralyny çalyp bilmek bolsa, bu täsiri birnäçe esse köpeldýär.
Hünär ediniň! Gündelik işiňiziň we okuwyňyzyň daşyndan haýsydyr bir hünär ýa-da pişe ediniň! Tikin tikmek, surat çekmek, keşde gaýamak ýaly haýsydyr bir zady döretmegi öwreniň!
Ýöräň! Açyk arassa howada gezelenç edilende, adamyň bedeni gerekli mukdarda kislorod alyp bilýär. Bu bolsa, beýniniň öýjükleriniň arasyndaky gatnaşyklary tizleşdirýär. Şeýle hem ýöremek adamyň beýnisini rahatlandyrýar.
Taýýarlan: Sülgün PIRIÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.