Daşlar – syrly dünýäniň bir ülşi hasaplanýar. Tebigatda ynsan durmuşyna dahylsyz zat ýok diyen ýaly. Ynsan ogly akylly-başly çemeleşip, tebigatyň önümlerini durmuş hajatyna girizýär. Dünýä ýüzünde iň owadan hem-de saglyga peýdaly daşlar bolup, olar esasan hem durnalarda hem-de ýylanlarda duş gelýär.
Durna daşy suwuň düýbünde töweregine ýalkym berip durýar. Ol daşa “durnadaş” diýilýär. Gyzyl-ala öwsüp duran, owadan durnadaşyny birnäçe minut eliň aýasynda saklasaň, ol barmaklaryň bogunlarynyň agyrysyny aýyrmaga ukyply hasap edilýär.
Ýylandaşy daşlaryň iň gözel görnüşleriniň biri hasap edilip, olar gumda gabat gelýär. Ýylandaşyny esasan hem ene ýylanlar agzynda saklap gezýärler. Ene ýylanlaryň köpelmek möhleti gelende, ene ýylan dem almasynyň ýeňil bolmagy üçin islese-islemese, ol daşy agzyndan gaçyrmaly bolýar. Şeýdip, ol daş gaçan ýerinde galýar.
Tebigatyň goýnunda janly-jandarlara dahylly bolmadyk birnäçe täsin daşlar-da bar. Şeýle daşlaryň biri merwer daşydyr. Ol daş deňizýaka oýlarynda, dagly ýerlerde gabat gelýär. Merwer daşy gadym döwürlerde türkmenlerde ruhy hemaýat beriji hökmünde saklanypdyr.
Tebigy jähetden we mäkämliginden, dermanlyk häsiýetinden, päkizeligi we gymmatynyň zyýadalygy taýdan göwherleriň we beýleki daşlaryň arasynda ýakut daşy ýaly ajaýyby ýokdur. Tebigy görnüşinden owadan keşbe gelýän daşlaryň biri-de ýakut daşydyr. Zergärler ýakut daşyny ýonup, owadan keşbe getirýärler. Ýakut daşynyň saglyga peýdasy örän uludyr. Alym Muhammet Gaýmaz türkmen bu daşyň bir bölegini götermegiň we dakynmagyň ynsan kalbyna uly peýdasynyň bardygyny, gany arassalamak ukybyna eýedigini nygtapdyr.
Taýýarlan: Akjagül AMANOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.