MEDENIÝET – GÖZELLIK

     Hormatly  Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halky ösüşiň täze tapgyryna – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basdy. Bu halkymyzyň döredijilik, sungat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň hem öňünde açylan täze mümkinçilik we uly borç-wezipedir. Ýurdumyzda milli medeniýetimizi ösdürmek üçin ýerine ýetirilen we alnyp barylýan işler ummasyzdyr. Taryh üçin ujypsyz wagtyň dowamynda bu ugurda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, hasyl edilen maksatlar örän kän. Türkmen medeniýeti köpugurly, köp öwüşginli medeniýet. Halkymyzyň baý medeni mirasy, gaýtalanmajak özboluşly döredijilik däpleri bar. Adatça, älemgoşarda aýyl-saýyl edip bolýan ýedi sany reňk bar, ol şol reňkler bilen asmana gelşik, göwünlere giňlik berýär. Saz ylmynda ýedi sany nota bar, şol notalaryň üsti bilen ähli sazyň belendini-pesini, inişini-çykyşyny kesgitläp bolýar. Emma türkmen medeniýeti şeýle bir köpugurly, edil ertekilerde waspy ýetirilen tuby daragty ýaly, ol agajyň şahalary zemini gurşap alyp, her şahasynda görnüş babatda tapawutly, tagam babatda datly. Medeniýetimiziň her bir ugry şol miweler kysmy. Edil şol daragtyň zemine ýaýylyşy ýaly, türkmen medeniýeti hem dünýäniň çar sebitinde özüne mynasyp orun, şöhrat gazandy.

     Biz ata-babalarymyzyň geçmişde döreden ruhy-medeni gymmatlyklaryna buýsanyşymyz ýaly, indiki nesiller hem biziň bu täze eýýamymyzda döreden ruhy baýlyklarymyz bilen buýsanmalydyrlar. Munuň üçin, şahyr öz düzýän goşgusyna, ýazyjy öz ýazýan kyssasyna, bagşy-sazanda çalýan sazyna, aýdýan aýdymyna we dessanyna, zergär sünnäläp ýasan şaý-seplerine, halyçy nepis çitimli halylaryna... döwrümiziň bu ajaýyplygyny, bagtyýar keşbini, gözel ruhuny siňdirip bilse, onda hormatly Prezidentimiziň döredijilik adamlaryna bildirýän ynamyny ödedigimiz bolar.

     Her bir döredijilik işgäriniň berkarar döwletimize, mahriban halkymyza, milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjy, geljege bolan ynamy özüniň zehini, ukyp-başarnygy bilen utgaşyp, döwrümiziň ajaýyp eseri bolup, çogup çykmalydyr. Çünki munuň üçin ähli mümkinçilikler bar. Sebäbi bu toprak öňdebaryjylyk we täzeçillik eýýamyna – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basdy.

     Medeniýet ynsan ruhy bilen baglanyşyklydyr. Ynsan kalbynyň gözelliklerine beslenip, zehin bilen syntgylanýan döredijilik eserleri bir halkyň däl-de, umumadamzat gymmatlygyna öwrülip, asyrlary aşýar, nesillerden nesillere geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýet ulgamy hem uly ösüşlere eýe boldy. Sungata uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen, bu ulgam belent derejelere eýe bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýetimizi we sungatymyzy, edebiýatymyzy täze döwrüň talaplaryna görä ösdürmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek baradaky alyp barýan işleri bu gün bütin dünýä nusgalykdyr.

     Milli medeniýet täze görnüşler bilen baýlaşýar, bagtyýarlyk öwüşgini bilen şuglalanýar. Paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berlen medeniýet şäherçesi, muzeýleriň, teatrlaryň, kinoteatrlaryň, aýdym-saz merkezleriniň giden toplumy, täze kitaphanalar bu gün türkmen halkynyň medeniýet we sungat ulgamynda ýeten derejesiniň özboluşly görkezijisidir. Türkmen medeniýeti günsaýyn ösýär. Halkymyzyň medeni durmuşy barha rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzyň çäginde durmuşa geçirilýän işler, amal edilýän maksatnamalar il-günümiziň eşretli geljegi üçin ýerine ýetirilýär. Beýleki ugurlar bilen birlikde, medeniýet ulgamynyň ösmegi nesillerimiziň ruhy kämilligine oňyn täsir edýär.

     Bu günki gün türkmen medeniýeti bilen tanyşýan, milli-medeni däp-dessurlarymyza, ýol-ýörelgelerimize hormat goýýan halklaryň sany barha artýar. Şol bir wagtyň özünde türkmenistanlylar hem ençeme halkyň medeniýeti bilen içgin tanşyp, iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini artdyrýarlar.

     Ýurdumyzyň çäginde bir ýylyň dowamynda durmuşa geçirilýän çärelere nazar aýlasaň, olaryň onlarçasy halkara milli-medeni hyzmatdaşlyk bilen baglydyr. Halklaryň arasyndaky doganlyk-dostluk gatnaşyklaryny has jebisleşdirýän medeni ýaryşlara, festiwallara türkmen ýaşlarynyň hem gatnaşmagy bizi buýsandyrýar.

     Türkmenistanyň halkara derejesindäki milli-medeni gatnaşyklarynyň geljekde hem rowaçlyklara beslenjekdigine berk ynynýarys. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli  özgertmeleriň many-mazmunyny, asyl maksadyny giňden açyp görkezmek, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli medeniýetimizi häzirki döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek medeniýet we sungat işgärleriniň belent borjy bolup durýar.

     Medeniýet ulgamy biziň döwletimiziň hemişe aýratyn alada bilen gurşap alýan, möhüm ähmiýet berýän ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, ýurdymyzda medeniýet edaralarynyň ulgamy barha giňeldilýär, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.

     Medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun !

 

Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag

şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY