ÄLEMGOŞAR MYSALY KEBELEKLER

     Gözel tebigatyň täsin reňkleri adam kalbyny jadylaýjy häsiýete eýedir. Al-elwan gülleridir jana şypaly howasy, täsin saýraýan guşlary, adam saglygyna peýdaly ösümliklerinden başlap, dürli öwüşgünli reňke eýe bolan kebekleri hem adam kalbyny heýjana getirýär.

     Kebelek il arasynda perwana hem diýlip hem atlandyrylýar. Kebelekler özüniň dürli öwüşgünli täsin reňleri bilen tebigatyň gözelligine gözellik goşup, görenleri haýrana goýýar. Kebelekleriň dünýäde 200 müňe golaý görnüşi bardyr. Kebelekler diňe birnäçe gün ýaşaýarlar. Kebelekleriň diňe birnäçe görnüşi 6 aýdan 10 aýa çenli ýaşap bilýärler. Kebelekleriň arylar ýaly tebigata uly peýdasy bardyr. Olar hem edil arylar we beýleki mör-möjekler ýaly gülleri tozanlandyrýarlar hem- de özleri hem gülleriň şiresi bilen iýmitlenýärler. Kebelekleriň täsinligi olaryň tagam duýujylyk organlarynyň aýaklarynda ýerleşenligindedir. Olaryň kiçijek piliň holtumyna meňzeş holtumjyklary bardyr, olar şonuň kömegi bilen gülleriň şiresini sormak arkaly iýmitlenýärler. Kebelekleriň ganatlarynda ýerleşýän reňkler we şekiller birmeňzeşdir. Kebelekler Gyzyl kitaba girizilendir. Olar diňe üç reňki saýgaryp bilýärler: sary, ýaşyl we gyzyl. Kebelekler eşitmeýärler, ýöne olaryň duýujylyk organlary örän gowy işleýär, olar hereketi gaty gowy duýýarlar.

     Kebelekler iýmit hökmünde-de ulanylýar. Hytaýda kebeleklerden süýji tagamlar taýýarlanylýar. Kebelekleriň ýene-de bir täsin aýratynlygy olaryň gany ýokdur. Olar lukmançylykda hem giňden peýdalanylýar.

 

Gülnahal DÄDEBAÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY