Zenan — durmuşyň diregi, ýaşaýşyň dowamaty, maşgala agzybirliginiň başlangyjy hasaplanylýar. Hut şonuň üçin hem islendik jemgyýetde zenanlara aýratyn hormat-sarpa goýulýar, olaryň mertebesi belentden tutulýar. Şeýle-de maşgala ojagynda döwletliligiň artmagynda, agzybirligiň berkemeginde, sagdyn we edepli nesilleriň kemala gelmeginde türkmen gelin-gyzlarynyň aýratyn paýy bardyr. Olar öý-ojagyň abadançylygy bilen birlikde pederlerimizden dowam edip gelýän milli ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, edim-gylymlary we olaryň ähmiýetini ussatlyk bilen ýaş nesilleriň aňyna, durmuşyna ornaşdyrýarlar.
Maşgalada islendik meselede zenanyň orny aýratyn duýulýar. Mährem enelerimiz, gelin-gyzlarymyz ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň beýgelmegine hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bular dogrusynda şu günler «Maşgala agzybirligi mukaddesdir» diýen at bilen etrabyň edara-kärhanalarynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde hem giňişleýin gürrüň edilýär. Şeýle ähmiýetli çärelerde kümüş saçly enelerimiziň öwüt-ündewe ýugrulan, parasatly pikirlere eýlenen çykyşlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Olar özleriniň baý durmuş tejribelerine esaslanyp, maşgala agzybirliginiň berkemegi ugrunda ýaşlara özleriniň wesýetlerini, öwütlerini berýärler. Şeýle-de edilýän çykyşlarda nika gatnaşyklaryny goramakda, sagdyn we döwre mynasyp nesilleriň kemala gelmeginde türkmen zenanlaryna aýratyn ornuň düşýändigi ündelýär. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärinden döreýän milli el işleriniň ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemekde aýratyn orna eýedigine üns çekilýär.
Gülbahar BEŞIMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.