PYRAGYNYŇ WASPYN ÄLEME BUŞLAP, ŞAHYRYŇ ARZUWLAN ZAMANY GELDI

     Golaýda şeýle mazmunly şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşi, Magtymgul Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýä hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi mynasybetli hem-de Pyragynyň doglan  gününiň 300 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek maksatly, halypa ýazyjy-şahyrlar bilen ýaşlaryň arasynda duşuşyk geçirdi. Oňa Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň işjeň agzalary, edara-kärhanalaryň Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary gatnaşdylar. Duşuşykda edilen çykyşlarda beýik türkmen şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmeginiň beýik söz ussadynyň gymmatly mirasy bilen, türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň aýdyň beýanydygy, şahyryň adamzadyň ruhy medeniýetiniň altyn hazynasynda orun alan eserleriniň häzirki wagtda dünýäniň köp dillerine terjime edilendigi, şunuň bilen birlikde, türkmen şygryýetiniň abraýynyň has-da belende göterilendigi, akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynyň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti barada giňişleýin bellenildi. Duşuşyga gatnaşanlar akyldar şahyryň baý edebi mirasyny öwrenmekde we dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Kuwwat GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar