«ÇAGA SALLANÇAGYNY ÝASAMAK WE HÜWDINIŇ ÝERINE ÝETIRIJILIK DÄPLERINI» ÝUNESKO-NYŇ SANAWYNA GIRIZMEK MEÝILLEŞDIRILÝÄR

     ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary we onuň sekretariaty 2024-nji ýylda-da ýurduň milli medeniýetini has ösdürmek, halkyň milli mirasyny, asylly ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny gorap saklamak, dikeltmek we olary umumadamzat gymmatlyklaryna öwürmek babatdaky anyk işleri yzygiderli dowam etdirýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada bellenilýär.

     Makalada bellenilişi ýaly, mart aýynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy bilen bilelikde Halkara «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däplerini» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek maksady bilen, hödürnama taýýarlanylyp, guramanyň sekretariatyna iberildi.

     Şeýle hem bu döwürde Türkmenistanyň teklibine laýyklykda, Täjigistanyň we Eýranyň goldamagynda «Çaga sallançagyny ýasamak we hüwdiniň ýerine ýetirijilik däplerini» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin köptaraplaýyn hödürnama taýýarlanylyp, bu gurama ýetirildi.

     «Ýurduň welaýatlarynyň taryhyny çuňňur öwrenmek, olaryň çäklerinde saklanyp galan, emma entek hasaba alynmadyk we doly öwrenilmedik taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri ýüze çykarmak, olaryň hem halkara derejesini beýgeltmek babatda degişli işleri meýilnamalaýyn esasda alyp barmagy dowam etdirýäris» diýip, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa belleýär.

 

turkmenportal.com

Meňzeş habarlar