Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde şol mekdebiň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni sanawyna girizilen Haly sungatynyň ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen «Nepis sungat nesillere nusgalykdyr» atly şygar astynda söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Söhbetdeşlik çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary çykyş etdiler. Olar özleriniň çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesillerimiziň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlary durýar. Hormatly Prezidentimiziň «Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýen ajaýyp sözlerini belent wezipe edinip, ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmagy, waspy dünýä ýaň salan gadymy haly nagyşlarynyň inçe syrlaryny nesilden nesile geçirip şu günlerimize gelip ýeten halyçylyk sungatyna, zähmete bolan söýgini kemala getirmegi maksat edinýändigini belläp geçdiler.
Ýygnagyň ahyrynda halkymyzyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmekde döredilýän mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Jennet GULMYRADOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.