ÝAŞLARYŇ BÄHBIDINE HYZMATDAŞLYK

     Türkmenistan BMG-niň iň abraýly düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO bilen ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen bütin ýer ýüzüde parahatçylygy, howpsyzlygy we durnukly ösüşi ynsanperwer ýörelgeler arkaly üpjün etmekde netijeli işleri alyp barýar. Şol sanda ÝUNESKO-nyň ýaşlar baradaky maksatnamalary köpdürliligi bilen tapawutlanýar. BMG-niň 1999-njy 17-nji dekabryndaky Kararnamasyna laýyklykda, 12-nji awgust «Halkara ýaşlar güni» diýip yglan edildi. ÝUNESKO dünýäde sowatsyzlygy ýok etmek we ýaşlary iş bilen üpjün etmek ugrunda hem üstünlikli işler alyp barylýar. ÝUNESKO-nyň döredilen gününden bäri alnyp barylýan işler seljerilende, ýaşlar syýasatyny ösdürmek ugruna esasy ornuň degişlidigine göz ýetirmek bolýar. Halkara we sebit derejesinde ÝUNESKO-nyň BMG-niň ýaşlar barada işläp taýýarlan köptaraplaýyn ýörelgelerinden peýdalanýar. Bu guramanyň şeýle başlangyçlarynyň biri-de assosirlenen mekdepler torudyr. Bu taslamanyň esasy maksady BMG-niň we ÝUNESKO-nyň alyp barýan işlerini wagyz etmek, medeni hem-de tebigy gymmatlyklary öwrenmek, gorap saklamak, adamyň we çaganyň hukuklaryny goramak, ösüp gelýän ýaş nesilde hoşniýetliligi kemala getirmek, hemmeleri sowatly, bilimli etmek bolup durýar. Ýurdymyzda hem bu gurama 6 sany umumybilim berýän orta mekdepler goşuldy. Bu ugurdaky maksatnamalara ýetmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde ÝUNESKO klublarynyň we ikisi-de ÝUNESKO kafedralarynyň açylandygyny aýratyn bellemek gerek.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze taryhy eýýamda döwletiň geljegi bolan ýaşlara aýratyn üns berip, uly ynam bildirmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilip, olar üçin täze mümkinçilikleriniň we ýeňillikleriň döredilmegi, ÝUNESKO–nyň ýaşlar baradaky maksatnamalaryna Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy ýaşlar syýasatynyň dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär. ÝUNESKO-nyň ýaşlar baradaky maksatnamalary örän köpdürliligi bilen tapawutlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary esasynda, ýurdumyzda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda ýaşlary ählitaraplaýyn kämilleşdirmek, olary parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty ösdürmekde esasy kuwwata öwürmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO–nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy diýlip ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň gazanylan üstünligidir. 2021-nji ýyldan başlap, dünýä mirasyny gorap saklamak we giňden wagyz etmek maksady bilen, ÝUNESKO tarapyndan 1992-nji ýylda esaslandyrylan «Dünýäniň hakydasy» halkara maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär. Halkara bilermenler bilen bilelikde geçirilen işleriň netijesinde, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ilkinji gezek «Dünýäniň hakydasy» sanawyna girizildi. ÝUNESKO –nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti bilen has ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy türkmen ýaşlarynyň öňünde giň mümkinçilikleri açýar, bu gatnaşyklar guramanyň çäklerinde amala aşyrylýan gyzykly we geljegi uly taslamalara ýaşlary giňden çekmäge, olary höweslendirmäge ýardam berer. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlar tarapyndan döredilen we dolandyrylýan özboluşly dünýä derejesindäki merkez bolup durýar. Ol ÝUNESKO-nyň Ýaşlar başlangyçlaryny we beýleki şuňa meňzeş taslamalaryň  arasynda özara gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog- parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyny dünýä ýaýmakda türkmen ýaşlarynyň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna tüýs ýürekden ynanýarys.

 

Gülbahar BEŞIMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar